Awazada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi tamamlandy. Mejlisiň dowamynda Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça möhüm çözgütler kabul edildi.
9-njy oktýabrda GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň garamagyna hödürlenjek iki bilelikdäki Beýannamanyň taslamasy makullandy. Mundan başga-da, GDA-nyň çäklerinde 2027-nji ýyl üçin daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky köpderejeli geňeşmeleriň Meýilnamasy tassyklandy.
Mejlisiň netijesinde Gyrgyzystanyň Bişkek şäheri 2027-nji ýylda GDA-nyň Sport paýtagty diýlip yglan edildi.
Şeýle hem «Arkalaşyk» halkara kinofestiwaly, syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk we GDA-nyň bitewi bilim giňişligini döretmek Konsepsiýasyny 2027–2030-njy ýyllarda durmuşa geçirmek boýunça maksatnama degişli çözgütleriň taslamalary makullandy. Olar GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň tassyklamagyna hödürlener.
Mundan başga-da, 2027–2028-nji ýyllar üçin ynsanperwer we ýaşlar hyzmatdaşlygy, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport ugurlary boýunça çäreleriň meýilnamalary ylalaşyldy.
GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň indiki mejlisiniň 2027-nji ýylyň aprelinde Bişkekde geçiriljekdigi mälim edildi.
