DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Ýaşlar forumyna gatnaşýar

ÝUNESKO-nyň Parižde geçirilýän Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Ýaşlar forumyna gatnaşýar. Bu barada Medeniýet ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Forumda türkmen tarapyna ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýew, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby wekilçilik edýär.

«Jemgyýetçilik we ynsanperwer ylymlary Bölümi tarapyndan guralan ÝUNESKO-nyň Ýaşlar forumy ýaşlara pikir alyşmalara we çekişmelere gatnaşmaga, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň dowamynda agza döwletler bilen tekliplerini we kararlaryny paýlaşmaga mümkinçilik döredýär» diýlip, Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy ýazýar.

14-nji we 15-nji noýabrda geçirilýän iki günlük forumyň dowamynda howanyň üýtgemeginiň durmuş netijeleri we adalatly «ýaşyl» öwrülişik meselesi ara alnyp maslahatlaşylar. Umuman alanyňda, bu çärä 150 ýurtdan 170 töweregi ýaşlar, 33 töweregi ýaşlar syýasaty ministrligi gatnaşýar.

Ozal Türkmenistanyň Medeniýet we Daşary işler ministrlikleriniň işgärlerinden ybarat wekilçilikli türkmen wekiliýetiniň ÝUNESKO-nyň Baş Konferensiýasynyň 42-nji mejlisine gatnaşýandygyny habar beripdik.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar