Türkiýe Respublikasynyň Adalat we ösüş partiýasynyň (AK Parti) Siwas welaýaty boýunça deputaty AK Parti Zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary, Raýat jemgyýeti we halk bilen gatnaşyklar bölüminiň başlygy Rukiýe Genç Toý «Ata Watan Media» beren söhbetdeşliginde zenanlaryň parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekdäki möhüm orny barada gürrüň berdi.
Türk deputaty öz çykyşynda durnukly parahatçylygyň we asudalygyň üpjün edilmeginiň zenanlaryň bu işe diňe synçy hökmünde däl, eýsem ony öňe sürýän we karar kabul edýän tarap hökmünde gatnaşmagyna baglydygyny belledi.
Rukiýe Genç Toý zenanlaryň maşgaladaky we jemgyýetdäki ornuna ünsi çekip: «Zenan güýçli bolsa, maşgala güýçli bolýar. Zenan güýçli bolsa, jemgyýet güýçli bolýar. Zenan güýçli bolsa, bilim güýçli bolýar. Sebäbi zenanlar diňe şu güni däl, eýsem ertirleri hem gurýarlar» diýip belledi.
