DÜNÝÄ

2024-nji ýyl Täjigistanda “hukuk bilimi” ýyly diýlip yglan edildi

Täjigistan Respublikasynyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyl ýurtda “hukuk bilimi” ýyly diýlip yglan edildi. Bu barada şu gün Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň  Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisine iberen ýüzlenmesinde degişli teklip hödürlendi.

2024-nji ýylda Täjigistan Respublikasynyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bellenilende, hukuk goraýjy edaralary bilen bir hatarda döwlet edaralarynyň ähli çeşmelerini we mümkinçiliklerini  ulanmak tabşyryldy.

“Garaşsyz milli döwletiň gurulmagyna we ýurduň halkynyň durmuşynyň ähli taraplarynyň ösmegine esas döreden garaşsyz Täjigistanyň ilkinji konstitusiýasy, iň möhüm üstünliklerimiziň biridir” -diýip, Prezident Rahmon öz ýüzlenmesinde belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ulag we telekommunikasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan Hytaý bilen ýokary tehnologiýalar pudagyny ösdürmäge taýýardyr

Ilçi: Azerbaýjan bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Çehiýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolýar