Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerd bilen duşuşdy.
Duşuşykda milli Parlamentiň ýolbaşçysy Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministrine iki goňşy ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy täze sepgitlere ýetirmekde, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda goşýan goşandy üçin hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem onuň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara çärelere gatnaşýandygy üçin sagbolsun aýtdy.
Myhman Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işler bilen tanyşdyryldy.
Duşuşykda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň plenar mejlisinde kabul edilen «2028-nji ýyl – «Halkara hukugyň ýyly» atly Kararnamanyň bütin dünýäde halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmakda, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy nygtaldy.
Taraplar Türkmenistanyň dünýä ýurtlary, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýlan deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli we ýokary netijeli häsiýetini bellediler. Şeýle hem kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmekde we döwletara gatnaşyklary goldamakda parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň dowam etdirilmegini goldaýandyklaryny tassykladylar.
