SPORT

Indiki XXI Aziýa oýunlary Dohada geçiriler

Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynda we Nagoýa şäherinde XX Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.

19-njy sentýabrdan 4-nji oktýabra çenli geçirilen ýaryşlara yklymyň 45 ýurdundan 11 müňe golaý türgen gatnaşdy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 34 türgen wekilçilik etdi. Olar sportuň  erkin we grek-rim göreşi, uşu, boks, suwda ýüzmek, agyr atletika, kuraş, ýeňil atletika, karate-do görnüşleri boýunça baýrakly orunlar üçin bäsleşdiler.

Dabaraly ýapylyş çäresiniň dowamynda Aziýa oýunlarynyň resmi baýdagy Kataryň wekillerine gowşuryldy. Indiki, XXI Aziýa oýunlary 2030-njy ýylda Dohada geçiriler.

Related posts

Ildeşimiz Döwletjan bu gezek hem ýeňiş gazanyp bilmedi

XIX Aziýa oýunlarynyň alawy ýakyldy

«Ahal» toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky garşydaşlary belli boldy