ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Maýa Mülkiýewa: aýdymçy mugallym

Onuň özi hakynda söhbetdeş bolmak üçin bardym. Sebäbi Abadan Mülkiýewa ömrüni saglyk ulgamyna bagyşlan tejribeli, döwlet sylagyna mynasyp bolan lukman mugallym. Özem ol haýsy bir zady aýdanda-da diýseň täsirli gürrüň berýär. Emma ol:

— Özüm hakynda ýazmagyňyza-da garşy däl, begenýän, ýöne sizden bir haýyşym bar. Jigim Maýa Mülkiýewa 70 ýaşy dolup barýarka dünýeden ötdi. «Nesip bolsa, ýubileý ýaşymyň toýuny çagalarymy, doganlarymy daşyma üýşürip uludan toýlaryn» diýip ýördi. Pandemiýa döwri birden ýogalaýdy. Şonda belli günleri geçdi welin, ol gaýta-gaýta düýşüme girip halys ýatyrmady. Her gezegem ol geýnüwli ýagdaýda gollaryny ýaýyp aýdym aýdyp düýşüme girýär-de: «Aýdymlarym galdy» diýýär. Bilenimden aýat-töwir okaýan, nahar bişirip sadaka paýlaýan ýöne, bary bir ynjalmadym. Ahyry çagalaryna, doganlaryma jaň aýlap gören düýşümi gürrüň berdim. Ýorgudy tapylmady. Birden bu gürrüň onuň tanyşlarynyň birine ýetýär. Ol:

— Maýa pahyryň ýogalmazynyň öň ýanlarynda: «aýdymlarymy ýazgy etdirip ýörün» — diýip, iki-üç gezek Mara gideni ýadymda. Sorap-idäp gyzyklanyň belki, bir ýerlerde aýdym ýazgylary bardyr — diýdi. Onsoň kän ýerden soraşdyrdym. Gözläp ýörseň uç tapylýar eken. Maryda bir ýaş ýigidiň ses ýazýan studiýasyndan onuň sekiz sany aýdymynyň ýazgysyny tapdyk:

«Gelinler», «Durasyň geler», «Duşurmazmy?», «Sen garrama, eje jan!», «Kakam gelmedi», «Ýara garaşýan», «Owazy geldi», «Watanym». Ir döwür aýdan aýdymlarynyň ýazgysyny täzeden işläpdir, häzirki döwrümiziň waspyny ýetirýän «Watanym» atly aýdymyny ýazgy etdiripdir. Onsoň aýdymlarynyň ýazgysyny göçürip aldykda, dogan-garyndaşlara, tanyş-bilişlere paýladyk. Ynha, onuň şol aýdymlarynyň ýazgysyndan saňada bereýin. Diňläp gör, hemem kyn görmeseň bu barada gysgarak bolsa-da ýatlama ýazsaňyz, sogap iş etdigiňiz bolardy. Menem hem-ä doganymy ýatladygym bolar hemem merhumyň yzynda bergili ýaly oturmaýyn. Özümi ynjalykly duýaýyn. «Watanym» aýdymy onuň iň soňky aýdan aýdymy. Ol aýdymyň sazy kimiňki, sözleri kimiňki bilemok, ýöne Maýa janyň  esasy arzuwy döwrümizi wasp edýän şol aýdymyny halkymyza diňletmekdi. Belkäm, radioýaýlymyň üsti bilen diňleýjilere ýetiriler — diýdi.

Il-saglygyny dikeldip, ynsan ömrüniň uzalmagyna dahylly saglyk işgärleriniň ençemesini okadyp, kyrk ýyl töweregi mugallym bolup işlän,  birnäçe ýyllap welaýatyň iň çetki künjeginde, çölüň içindäki saglyk öýünde işläp, öz döwründe kynçylykly pursatlarda-da ejizlemän kärine wepaly bolan lukman, ýaňy dünýä gelen bäbejikleriň ýüze golaýyny ilkinji garşylan göbek enäniň  segsen ýaşa golaýlan mahalyndaky bu haýyşyny bitirmegi hökman hasapladym. Onsoň ondan Maýa Mülkiýewanyň terjimehalyny soradym. Ol:

— Maýa Mülkiýewa 1951-nji ýylyň 1-nji maýynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 1-2-nji Akýap obasynda doglan. Özem dokuz doganyň bäşinjisi. Ol 1957-1958-nji okuw ýylynda Sakarçäge etrabyň 17-nji mekdebine 1-nji synpa okuwa gitdi, 1967-1968-nji okuw ýylynda-da etrabyň 3-nji orta mekdebinde okuwyny tamamlady. 1968-1969-njy okuw ýylynda ol Lebap welaýatynda ýerleşýän mugallymçylyk institutynyň filologiýa fakultetiniň türkmen dili we edebiýaty bölümine okuwa girdi. Ýokary okuw mekdebini 1972-nji ýylda tamamlap mugallymçylyk hünäriniň eýesi boldy. Şol ýylda-da Ahal welaýatynyň Aşgabat etrabyndaky 3-nji orta mekdebinde öz hünärinden mugallym hem pioner wožaty bolup işe başlady. 1973-nji ýylyň fewral aýyndan Ahal welaýatynyň Gäwers etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginiň Gämi obasyndaky orta mekdebinde mugallym bolup işledi. Ol öň gyz familiýasynda Mülkiýewady, soňra 1973-nji ýyldan ýoldaşynyň familiýasyna geçip Ataýewa boldy. 1987-nji ýylda Gämi obasynda täze mekdep açyldy. Onsoň ol täze açylan mekdepde işini dowam etdirdi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzasy bolup köpçülik işlerine işjeň gatnaşýardy. Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan berlen Hormat hatlaryny öýlerine baranymyzda buýsanç bilen bize görkezerdi — diýip Abadan gelneje gürrüň berdi.

— Gelneje, Maýa Mülkiýewanyň maşgala durmuşy hakynda-da aýdaýyň — diýip, ýene sowal bilen ýüzlendim.

— Maýa janyň bir ogul, bir gyz perzendi, alty sany agtygy, iki çowlugy bar. Ogly Şyhly ýokary bilimli, onuň üç ogly bir gyzy bar. Maşgalasy Şemşat lukman, Aşgabatdaky anyklaýyş merkezinde işleýär. Gyzy Gözel şepagat uýasy, Gözeliň uly ogly Kuwwat ýokary bilimli mugallym bolup mamasynyň kärini dowam etdirýär. Kuwwat mamasynyň elinde ösdi. Ýakynda Kuwwadyň gyzjagazy boldy, oňa-da Maýa janyň ady dakyldy. Gözeliň kiçi ogly Ahmet Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň talyby — diýip maglumat berdi. Soňra gürrüňini dowam edip, Maýa gelnejäniň işlän mekdebiniň direktory Oguljan mugallymyň aýdan gürrüňlerini ýatlady:

— Maýa mugallym diňe bir kärdeşleriniň ýada okadan okuwçylarynyň arasynda däl, etrabymyzyň, welaýatymyzyň raýatlarynyň arasynda-da tanalýardy. Ol hakda ýatlananda ony tanaýanlaryň hakydasynda diňe ýagşy ýatlamalar galandygyny bilýän. Sebäbi onuň ilki bilen alçaklygy, degişgenligi, ugurtapyjylygy, belent adamkärçiligini bezeýärdi. Köpçülik işlerini guramaçylykly alyp barmaga ukyplydy. Diňe bir mekdebimizde däl, etrabyň ýa-da welaýatyň çäginde geçirilýän şagalaňlara işjeň gatnaşyp sowgatly, hormat haty bilen sylaglanyp gelerdi. Mekdebimiziň abraýyna abraý goşan mugallymdy. Şirin labzy bilen ýerine ýetiren aýdymlary bilen ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralarda çykyş ederdi. Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramynda enelerimizi, gelin-gyzlary wasp edip: «Sen garrama, eje jan!», «Durasyň geler» ýaly aýdymlary aýtsa, Beýik ýeňşiň baýramçylygy 9-njy maý baýramynda uruş temasyna degişli aýdymlary aýdardy. Onuň kiçijik sahna gurap: «Kakam gelmedi» diýen aýdymyny aýdanda ýa-da «Gyzyl kürte» atly goşgyny labyzly okaýşyny tomaşaçylar gözüni ýaşlap diňlärdiler. Obada toý tutanlarynda-da obadaşlar oňa hökman aýdym aýtdyrardylar. Maýa mugallymyň güler ýüzi, şirin aýdymlary aňymyzda hemişelik galdy. Klas sagatlarynda, mekdepde geçirilýän baýramçylyk çärelerinde onuň miras galdyran aýdymlaryny okuwçylara diňledip hemişe ýatlaýarys» diýip gürrüň berýär.

Kärdeşleriniň doganymy ýagşylykda ýatlamagy buýsandyrýar. Sebäbi adam dünýeden gidensoň, ýagşy işleri, ýagşy häsiýetleri bilen ýatlansa gowy.  Mekdep direktorynyň aýdyşy ýaly hakykatdanam Maýa çagalygyndan şadyýan, göwni açyk, degişgendi. Haçan görseň aýdymçylara öýkünip, aýdyma hiňlenip ýörerdi. Okuwçy döwründe-de mekdepde aýdym sapagyndan has tapawutlanardy. Mekdepden gelensoňam, töweregimizdäki deň-duş çagalary daşyna üýşürip, olara aýdym aýdyp, goşgy okap bererdi. Soň orta mekdebi tamamlap, ýokary bilim aldy. Talyp döwründekä teleradioýaýlymlarda aýdym aýdyp çykyş ederdi. Doganlar Berdiýewalar, Türkmenistanyň halk artisti Bibi Welmyradowa dagy bilen gowy gatnaşykda bolup, olardan aýdym aýtmakda kän zatlary öwrenendigini ýatlardy — diýip, dogany bilen bagly bilýänlerini  ýatlady.

Abadan gelneje bilen gürrüňdeş bolup otyrys welin, Maýa Mülkiýewanyň köplenç «Miras» teleýaýlymynyň arhiwinden efire berilýän «Duşurmazmy» atly şekilli aýdymy göz öňüme geldi. Ir döwürde şekile geçirilen aýdymlarynyň üsti bilen hemem metbugat işgäri bolup işlämsoň, köpçülik çärelerinde kän gabat gelensoň tanaýardym. Maýa Mülkiýewanyň çykyşlaryna köp gezek şaýat bolduk. Dogrusy, özi bilen-ä gürrüňdeş bolmadyk, ýöne ol teleýaýlymlarda-da, esasan-da jemgyýetçilik guramalarynyň geçirýän çärelerinde işjeň  çykyş edensoň, tanalýan mugallymdy. Özümä ony aýdymlary bilen tanaýardym, şonuň üçin onuň mugallymdygyny bilsemem, aýdym-saz ugrundan ýokary bilim alandyr öýdýärdim. Öz ýanymdan: «Soňky wagtlarda «Miras» teleýaýlymynyň arhiwinden aýdym ýazgylary berilýär-de, özi teleýaýlymlarda çykyş edenok» diýip ýördüm. Asyl onuň dünýesini täzelänindenem habarymyz ýok. 2021-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda dünýeden gaýdypdyr. Imany hemra, jaýy jennet bolsun! Bakyýet öýünde rahat ýatsyn!

Akgül Saparowa.

Related posts

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Akmyrat Bäşimow: gülkiniň gerçegi

Ata Watan Eserleri

Akgül Saparowa: okyjylarym ylham ganatym