Teleýaýlymy açdym. Ýaş aýdymçylaryň biri:
«Gül ýüzüňe perwana men,
Gaýry reýhan istemen…» diýip, alym Nazar Gullaýewiň Magtymguly Pyragynyň «Istemen» atly goşgusyna döreden aýdymyny aýdyp dur. Bu aýdymy her gezek diňlänimde bagşy Döwletgeldi Ökdirowy ýatlaýan. «Nähili beýik bagşydy. Arman dünýeden ir gitdi-dä. Häzir aramyzda ýaşap ýören bolsa, şular ýaly gowy aýdymlaryň ýene gör, näçesini dörederdi» diýip gynanýan. Sebäbi bu aýdymy köp aýdymçylar aýdýar, ýöne meniň kalbymda ol aýdym diňe Döwletgeldi Ökdirowyň owazy bilen ýaşaýar. Şeýle ajaýyp aýdymlary bilen ol milli bagşyçylyk sungatymyzda öz möhrüni goýan bagşy. Onuň döreden hem ýerine ýetiren aýdymlaryndan ganma ýok. Ol mukamçy kompozitor, ylahydan berlen ussat bagşy. Ýönekeýje diňleýji bolsaňam onuň aýdan aýdymlaryny sazy çalnyp başlandan tanap bolýar. «Sumbaryň nary», «Pyragyny gören daglar», «Guba-gazym», «Zülpüň», «Käkilik», «Bibijan», «Nar agajy» we başga-da kän aýdymlary bar. Aýdymlaryny diňläniňde hoş owazy ähli zatdan ünsüňi sowup, özüne baglaýar. Haýsy aýdymyny diňleseňem, aýdym tamamlanansoň gün-uzyn gün şol aýdyma hiňlenip ýörýäň.
Arada belli şahyrymyz Geldi Bäşiýewiň goşgusyny okap otyrdym. Onuň: «Döwletgeldi diýseň! — özi bir ýoldur» diýen setirine gabat geldim. Şonda kimden eşidenim ýadymda däl, meşhur Sahy bagşyly bir pursadyň ýatlamasy ýadyma düşdi. Bir gezek Türkmenistanyň halk artisti Sahy Jepbarowdan:
«Milli aýdym-saz sungatymyzda näçe ýol bar?» diýip soraýarlar. Sahy aga barmaklaryny basyp sanaýar-da, soňundan:
«Täze ýene bir ýol bar, ol hem Döwletgeldi Ökdiriň ýoludyr» diýýär. Sahy aganyň özi sanardan kän meşhur aýdymlary döreden mukamçy kompozitor, türkmeniň beýik bagşylarynyň biri. Onuň Döwletgeldi Ökdirowyň döredijiligine beren uly bahasyna diýseň begendim hemem başga halypalar bu barada nähili pikirdekä? — diýip oýlandym. Onsoň Döwletgeldi Ökdirow hakynda ýazylan arhiw ýazgylaryň gözlegine çykdym. Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna bardym. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Annaberdi Agabaýewiň bagşy Döwletgeldi Ökdirowyň doglan gününiň 60 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan» gazetiniň 1999-njy ýylyň 11-nji maý sanynda çap bolan «Ýazlaga ýaran zehin» atly makalasyny tapdym. Makaladaky: «…Onuň aýdan, düzen aýdymlary, mukamlary bilen iň uzak oba-da, iň beýik Döwlete-de arkaýyn gaýşaryp baryp bolar. Saz diýlen gudratyň hem edebiýatçylara, hem nakgaşlara, hem teatrçylara hem kinoçylara, umuman-a, döredijilik işinden daş adamlara-da, ýagny tutuş durmuşymyza, ýurduň Konstitusiýasy ýaly, aýat-doga ýaly BEÝIKDEN BEÝIK TÄSIRI, kalbyňy tämizläp, päl-niýetiňi düzedip, ýörejek ugruňy salgy berýän gudraty-güýji bar. Döwletgeldi biziň köpimizi şu manyda-da, azda-kände kämillige iterdi we iterip ýör» diýen sözleri diýseň täsir etdi. Halypa şahyryň öz goşgularynyň ençemesine zehinli kompozitorlar aýdym döredip, ol aýdymlar halkyň kalbyna siňen aýdymlara öwrüldi. Onuň: «Döwletgeldi bagşynyň döreden hem ýerine ýetiren aýdym-sazlary bilen iň beýik Döwlete-de arkaýyn gaýşaryp baryp bolar» diýip, baha bermegi örän ýokary baha hem juda ýerlikli baha. Sebäbi milli sungatymyzy dünýä sahnasyna çykarmak üçin arkaýyn gaýşaryp barar ýaly sungat eserleri gerek. Diýmek Döwletgeldi Ökdirow şeýle eserleriň ussady bolany üçin, şunuň ýaly öwgüli sözlere mynasyp görülýär. Bu babatda ol barada maglumat gözlänimde kän gabat geldim.

Tanyşlarymyň birinden Döwletgeldi Ökdirowyň nesil daragty, ömri we döredijiligi hakynda maglumatlar jemlenip «Türkmen döwlet neşirýat gullugy» tarapyndan 2010-njy ýylda çap bolan kitaby aldym. Sazçylyk we sungat mekdepleri üçin taýýarlanan şol okuw gollanmasyny bagşynyň bagşy inisi Alyhan Ökdirow taýýarlapdyr. Anyk maglumatlar bilen ýazylansoň, diýseň gyzykly hem täsirli kitap. Kitapda bagşynyň terjimehaly şeýle berilýär:
«Döwletgeldi Ökdirow 1939-njy ýylyň maý aýynyň 23-ne häzirki Magtymguly etrabynyň Könekesir obasynda doglan. Ol ilki dogduk obasyndaky 5-nji orta mekdepde bilim alýar. Soňra 1956-1961-nji ýyllarda (häzirki) Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetini gyzyl diplom bilen tamamlaýar. Şol ýylda-da Türkmenistanyň teleradio ministrliginiň edebi-drama bölüminde redaktoryň orunbasary wezipesinden zähmet ýoluna başlaýar. 1964-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna aspirantura okuwa girýär we 1967-nji ýylda ol nusgawy şahyrymyz Şeýdaýynyň «Gül-Senuber» dessany boýunça dissertasiýasyny gorap, filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen ylmy derejäniň eýesi bolýar.
Ol dürli ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylmy işgär, Türkmenistanyň Bilim ministrliginde inspektor, Mugallymlary kämilleşdiriş institutynda kafedra müdiri wezipelerinde işleýär. 1984-nji ýyldan tä ömrüniň ahyryna çenli Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň psihologiýa kafedrasynyň dosenti bolup işleýär hem-de şol institutyň partiýa guramasynyň ýolbaşçy wezipesini-de alyp barýar. Döwletgeldi Ökdirow 1990-njy ýylyň 2-nji ýanwarynda aradan çykdy.

Onuň terjimehalyndaky ýyl ýazgylara seredeniňde bagşynyň dünýeden gaýdanyna-da kyrk ýyl töweregi wagt geçipdir. Şu pursat şahyryň:
«Adam ömri uzyndyr hem keltedir,
Ýuwaş-ýuwaş özi sönýän peltedir,
Bu gün oňa «öldi» diýip gynanmaň,
Onuň ömrün kesgitlejek ertedir» diýen goşgy setirleri ýadyma düşýär. Her kim öz ömrüni halkymyzyň öňünde bitiren işleri bilen kesgitleýär. Döwletgeldi Ökdirow miras galdyran aýdym-sazlary bilen ömrüni ertirlere kesgitledip gör, näçe ýyl bäri aýdym bolup, saz bolup ýaşap ýör. Şeýle-de bolsa, bagşynyň aýatda bar wagty özüni ýüzbe-ýüz görmeseň, gürrüňdeş bolmasaň arhiw ýazgylara hemem ony ýakyndan tanaýan adamlaryň gürrüňlerine salgylanmaly bolýar. Döwletgeldi Ökdirow barada dürli tarapdan aýdylýan maglumatlary bir makala ýerleşdirmek üçin Alyhan aganyň kitabyndaky ýatlamalaryndan bölekleýin göçürip aldym. Ol:
«Döwletgeldi ýaşlygyndan keselbendiräk bolany üçin gaty hor, ýüz-gözi hemişe solukdy. Özem öýdeçildi. Haçan görseň çeper kitaplary okardy. Göwnüne ýaran goşgularyny ýörite depdere göçürip ýat tutardy. Göçüren goşgularynyň harplaryny nagyşlap bezärdi. Mekdepde ähli sapaklaryny bäşlik baha okardy. Ol meniň üçin hemişe göreldedi. Agamyň keselbentliginiň üstesine-de on bäş ýaşlaryndaka ol ýorunja bedesini öwrüp durka sag eliniň barmaklarynyň arasyndan ýylan çakýar. Goly çişip huşundan gidende Hojaly aga diýen tebip çogda gyzdyrylan päki bilen onuň ýylan çakan golunyň çişlerini dilim-dilim edip, sary suwuklyklary çykaryp, soňra ýuwup ölümden halas etdi. Hojaly aga Könekesir obasynda medrese gurup, obadaşlaryna sowat öwreden Myratberdi ahundan tälim alan, Sumbar jülgesinde köp adamlaryň keselini, döwük-ýenjiklerini bejerip il alkyşyna mynasyp bolan oba tebibidi. Soň ol agamy ýene bir heläkçilikden halas etdi. 1955-nji ýylyň awgust aýydy. Döwek döwülýän döwri günortanlar atlary Sumbar çaýyna suwa ýakmaga barýarka, iki at goşulan araba batly gelip, hatarlanyp barýan özara daňlan üç atyň Döwletgeldi tarapyndan çaknyşýar. Döwletgeldi atdan agdarylýar we sag goluny araba basýar. Şonda-da onuň döwlen goluny Hojaly tebip seýikledi. Döwletgeldi: «Men dutar çalyp bilerinmi, barmaklarym işlärmi?» diýende tebibiň: «Enşalla, dutarda sazam çalarsyň, aýdymam aýdarsyň. Gijelerine asmana seret, ýyldyzlaryň içinde iň ýagtysy seniň ýyldyzyňdyr» diýeni ýadymda.

Döwletgeldi doglanda kakamyz Gurbanmyrat Şyhnepes ogly onuň bagşy bolmagyny arzuwlap, gapymyzdaky süýtli sygryny Daýna obasynda ýaşan Ýagmyr Käzim tekäniň ýasan arzyly dutaryna çalşypdyr. Kakamyz Sumbar jülgesinde belli seýis, çapyksuwar bolupdyr. Oňa ötgür Şyhy hem diýer ekenler. Döwletgeldi ylym bilen iş salyşýan adamdy. Onuň çykardan kitaplarynyň, ýygyndylarda, gazet-žurnallarda çap etdiren ylmy makalalarynyň sany segsene ýeteňkirländir» diýip, Alyhan aga ýatlamalarynda ýazypdyr. Ýadymda bek galan ýene bir ýatlamasy bar: «Aýtmasy kyn bolsa-da, Döwletgeldi dünýeden gaýdanda türkmençilik däbine görä onuň öý goşlaryny, ähli mirasdüşer zatlaryny terekä goýanlarynda üç ogluna, üç gyzyna Sülgün gelnejemiň razyçylygynda paýladylar. Men şonda Döwletgeldiniň süýtdeş dogany hökmünde terekä şaýat boldum. Onuň öý goşlaryndan başga, kitaplary diýäýmeseň, paýlar ýaly hiç zady ýokdy… Bar baýlygy döreden aýdym-sazlarydy. Ýöne ol Kemine şahyr ýaly ruhy taýdan hemmelerden baýdy. Halkymyzyň sylag-hormaty onuň üçin iň uly baýlykdy…» diýýär.
Şeýle uly, gymmatly baýlygy miras goýandygy üçin bagşy dünýeden gaýdansoňam oňa ýokary döwlet sylagy rowa görüldi. 1992-nji ýylda ol «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly ada mynasyp boldy, şeýle hem şol ýyl onuň ady ebedileşdirilip, dogduk obasyndaky okan mekdebine «Döwletgeldi Ökdirow adyndaky orta mekdebi» diýlip ady dakyldy.
Kitapda bagşynyň döreden aýdym-sazlaryna giňişleýin seljerme berilýär. Ol barada dolulygyna ýazmakçy däl, ýöne bagşynyň juda pes päl häsiýetlidigini düşündirmek üçin käbir mysallary getirmekçi. Kompozitor, SSSR-iň halk artisti, professor Aşyr Kulyýew: «Döwletgeldi Ökdirowyň döreden «Zülpüň» aýdymynyň sazy ýöne bir saz däl-de, giden bir epopeýadyr!» diýýär. Sahy Jepbarow: «Döwletgeldi, seniň diňe «Zülpüň» diýip döreden aýdymyň alymlyk derejesine mynasypdyr» diýip baha berýär. Emma onuň özünden bu aýdymyň döreýşi hakynda soralanda ol sadalyk bilen:
«…Haý-haý, seniň ýöreýşiň arslana, şire ogşar,
Ala-ala gözleriň janymny iýre ogşar,
Halka-halka zülpleriň kemendi dara ogşar,
Örüm-örüm saçlaryň owsunjy mara ogşar,
Her tary başga-başga, ot saldy jana zülpüň…»
Okanyňda şular ýaly lezzet berýän hem-de öz-özünden akyp barýan goşgyny saza salmagyň aýdym-sazdan başy çykýan adama ullakan bir kynçylygy ýok. Sebäbi eseriň özi seni hiňlenmäge mejbur edýär, saza goşulyp aýdylmagyny salgy berip dur. Kompozitor aýdymça bolsa ony, ýagny täze döredýän sazyny diňe taraşlamak hem aýdymy ussatlyk bilen ýerine ýetirmek galýar» diýip nusgawy şahyrymyzyň döredijiligine uly hormat goýup jogap berýär. Bu onuň kiçi göwünliligi, men-menlikden daşlygy. Ýogsa oňa halypalar diýseň ýokary baha berýärler. Meşhur bagşy Sahy aga: «Döwletgeldi, Sen diňe aýdan aýdymlaryň bilen tanalarsyň, döreden aýdymlaryň bilen baky ýaşarsyň!» diýen bolsa, Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýew: «Döwletgeldi Ökdir ogly hem bagşydyr hem ýagşydyr. Şu ömrümde hiç kime pata beren däldirin, saňa welin «Ak pata» berýärin, halkyň dilinde, sazyň yzynda bol!» diýipdir. Meşhur Muhy bagşy 1970-nji ýylda: «Maňa ýaş bagşylardan ahyry köňlümiň islän bagşysyny diňlemek 90 ýaşymda nesip etdi, ol Döwletgeldi Ökdirowdyr» diýýär. Türkmenistanyň halk artisti Ýagmyr Nurgeldiýew bolsa: «Aýdym döredip bilseň, ony-da Döwletgel-dä aýtdyrsaň, döreden aýdymyň halk aýdymyna öwrülýärde gidiberýär» diýip baha berýär. Bagşy Ýagmyr aganyň şahyr Magtymguly Myşşyýewiň sözlerine döreden «Aý dogan çagy» aýdymyny ilkinji bolup aýdyp halka ýetirýär.
Bir gezek sazşynas Akmuhammet Aşyrowdan: «Halk aýdym derejesindäki aýdymlar bar, ýöne awtorlary belli bolansoňmyka, ol aýdymlara halk aýdymy diýlenok?» diýip soradym. Ol: «Uly halypalar: «Aýdym döräp, halkyň kalbynda ýaşap, üstünden ýarym asyr geçensoň, «halk aýdymy» diýip ykrar edibermeli» diýýärdiler» diýip düşündirdi. Şu aýdylanlara esaslansaňam Döwletgeldi Ökdirowyň ýerine ýetiren hem döreden aýdymlary halk aýdymy derejesindäki aýdymlar.
Döwletgeldi Ökdirow ýokary okuw mekdebinde okan döwründe özünden bir kurs ýokarda okan deň-duşy Nazar Gullaýew bilen dostlaşýar. Olaryň dostlugy dogan ýaly gatnaşyga öwrülýär. Iki-üç ýyllykda alym Nazar Gullaýew hakynda ýatlama ýazanymda onuň gyzlary bularyň dostlugy dogrusynda kän zatlary gürrüň berdiler.
Döwletgeldi Ökdirow uniwersiteti tamamlap ilkinji zähmet ýoluna başlanda uly halypalar bilen bile işleýär. Ol ýaşlygyna garamazdan wezipesine degişli işler bilen tiz öwrenişýär. Ençeme radiogepleşikleri taýýarlap, birnäçe radio oýunlary goýýar. Başgalar tarapyndan taýýarlanan radio gepleşikleri redaktirleýär. Şo mahallar teleradio köşgünde türkmen milli saz gurallarynyň ansambly işleýärdi. Şol ansambla ussat sazandalar Mylly Täçmyradow hemde Pürli Saryýew ikisi gezekleşip ýolbaşçylyk edýärler. Toparyň düzüminde belli halypalar Ýagmyr Nurgeldiýew, Sahy Jepbarow, Oraz Saryýew, Çary Täçmämmedow, Garýagdy Alyýew, Saparguly Işangulyýew, Aýmämmet Aşyrow, Tugur Berdinyýazow, Geldi Ugurlyýew dagy işleýärler. Ine, durmuş hem zähmet ýolunda baý tejribe toplan ägirtler bilen bir gapydan girip işleşmek bagşynyň tejribesini has-da artdyrýar. Aslynda-da ýaşlykdan ýetim galyp kynçylykly durmuşda taplanan bagşynyň durmuş ýoly hakyndaky ýatlamalary okanyňda onuň özem çagalykdan köp zada ukyply, düşünjeli bolupdyr. Onuň aýdym-sazlaryna, adamkärçiligine ýaşan dag tebigatynyň täsiri ýeten ýaly. Şahyr aýdýar-a: «Eger gudrat göreý diýseň, Daglara bar, daglara». Döwletgeldi bagşy dag tebigatynyň gözelliklerinden ganyp ösen halypa. Bu barada bir mahal şahyr Kerim Gurbannepesow hakynda ýatlama ýazmaga baranymda aýaly Orazsoltan ejäniň aýdan gürrüňi ýadyma düşdi. Ol:
— Kerimiň köp goşgusy aýdyma öwrüldi. Döwletgeldi Ökdirow «Pyragyny gören daglar» diýip aýdym aýdardy. «Häk, Kerim, goşgularyň köpüsini şu bagşa tabşyrmaly ekeniň» diýsem: «Senem bilipsiň-ow, sesiniň gowudygyny» diýip gülerdi — diýip ýatlapdy. Şonda «Diňleýjileriniň ýüreginden orun alan bagşynyň özboluşly aýdym aýdyş ugrunyň bardygyny Orazsoltan eje, ikimizem aňypdyrys öýdýän» diýip gülüşdik.
Metbugat sahypalarynda Döwletgeldi Ökdirow hakynda altmyşdan gowrak makalalar ýazylypdyr. Kitabyň edebiýat bölüminde sanawy bar. Şeýle hem kitabyň fond ýazgylary bölüminde miras galdyran aýdymlarynyň sanawy ýerleşdirilipdir. Käbir aýdymlarynyň nota ýazgylary hem aýdymlarynyň döreýiş taryhy hakynda gyzykly maglumatlar berilýär.
«Döwletgeldi Ökdirowyň aýdan aýdymlary häzirki günlerde hem teleradio ýaýlymlaryň arhiw ýazgylary arkaly halka ýetirilýär. Onuň aýdan aýdymlarynyň 20-den gowragy öz döreden aýdymlarydyr. Ol aýdymlaryň arasynda nusgawy şahyrlarymyzyň şeýle hem döwrümiziň tanymal şahyrlarynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlar bar. Döwletgeldi bagşynyň döreden ýigrimi üç aýdymynyň on sekiz sanysyny dikeltmek başartdy. Onuň aýdymlaryny nota geçirip kömek berenler Türkmenistanyň halk artisti Begmyrat Gutlymyradow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Öwezmyrat Gandymow, TMK-nyň mugallymy Gülruh Guzuçyýewa, hemde Orazgylyç Gurbannyýazow, Atda Çaryýew» diýip ýazylypdyr.
Kitapda ýazylan ýatlamalaryň arasynda Alyhan aganyň «Bir tokga gant» atly ýatlamasy bar:
«Ata kakamyň howlusynda aýak basara ýer ýokdy. Şonda ýedi ýaşly Döwletgeldä dik duran ýerinde bir aýdym aýtdyrdylar. Aýdym aýdyp bolansoň oňa bir tokga ak gant berdiler. Onuň şol gandy balagynyň epinine dolap meniňem elimden tutup, suwly ýabyň ýakasyna alyp gideni, şol ýerde gandy döwüp meniň bilen paýlaşyp iýeni ýadymda. Ikimiz ýetim ösdük. Obamyzda 100-e golaý ýaramaýan dowar bardy. Döwletgeldi ikimiz bakardyk. Okuwymyza päsgel bermez ýaly ol irden günortana çenli, günortadan giç agşama çenli men bakardym» diýip gürrüň berýär. Şu ýatlamadan, Döwletgeldi Ökdirowyň aýdym-saza çagalykdan başlandygyny bilip bolýar.
«Ökdür aganyň kakasy Gurbanmyrat aga öz döwrüniň atly bagşylarynyň biri bolupdyr. Ol Bäherdeniň Durun obasynda bir uly toýda Sary bagşy bilen ýaryşmaly bolýar. Sary bagşy şo mahallar otuz ýaşynda, Gurbanmyrat aga 60 ýaş töwereginde eken. Şol ýaryşda çeküwli aýdymlar aýdyp özüne zor salandyrda «Köne güzer aýdymy aýdyp otyrka içegesi üzülip heläk bolýar» diýen bu maglumaty alym Haýdar Muhyýewiň «Döwletgeldiniň Döwletli ýoly» atly makalasyndan okadym, ýöne Gurbanmyrat aganyň Döwletgeldi bagşynyň atasydygyna ýa-da kakasydygyna doly düşünmedim. Onsoň bu barada Alyhan aganyň kitabynda gabat geldim. Kitapda düşnükli ýazylypdyr. «Kakamyň Ötgür ady onuň lakamy, hakyky ady Gurbanmyrat bagşynyň ady dakylan. Ötgür sözi soň resminamalary doldurylanda Ökdir» diýlip üýtgedilipdir. Maňa dutar tutmagy öwreden kakam. 1897-nji ýylda Bäherdeniň Durun obasynda bir tüçjar baýyň toýunda çeküwli aýdym aýdyp otyrka Gurbanmyrat bagşynyň içegesi üzülip ýogalan. Ökdiriň ady Gurbanmyrat» diýip ýatlama berilýär. Ýatlamalaryň her haýsyndan kän zat öwrenip bolýar.
Döwletgeldi mekdepde okan döwründe mugallymy türkmen dili sapagyndan dörtlük baha goýýar. Şoňa namys edip, soň ol şol ugurdan ýokary okuw mekdebini gutarýar. Aspirantura girip möhletinde ylmy işini goraýar. Aspirantura okuwa girip iş ýerinden gitmeli bolanda, Sahy aga nägile bolup işden gidýändir öýdüp ondan soraýar. Ol bolsa ýagdaýyny düşündirýär. Diýmek Sahy aga ýaly halypalar onuň aladasyny edýän bolsa, ýaş işgär hökmünde uly halypalaryň ýanynda abraý gazanandyr. Soň oňa şol ýerde bir mahal mekdepde dörtlük baha goýan mugallymy sataşýar. Ol okadan okuwçysyndan ötünç soraýar hem özünden bitjek näme kömek gerek bolsa ýardam berjekdigini aýdýar. Şonda Döwletgeldi: «Mugallym, kakama iş tapyp berseňiz, maşgalamyza uly goldaw boljak» diýip ýagdaýyny aýdýar. Şeýlelikde kakasy obalaryndaky 5-nji orta mekdepde 1972-nji ýyla çenli elektrik bolup işleýär. Şu ýazgylardan Sahy aganyň ýaş işgärden näme sebäpli işden çykýandygyny gyzyklanmagy onuň diňe bir aýdym-sazda däl, durmuş ýolunda-da uly aladasyny edendigini subut edýär. Ýene bir ýagdaý okuwçy döwründe okadan mugallymy bilen uzak ýyllardan soň duşuşmagy, mugallymynyň okadan okuwçysynyň kynçylykly ýollardan geçip ylmy derejelere eýe bolmagyna begenmegi hem özüniň: «Geljegi bar ýaş okuwça pes baha goýandygyna ökünmegi, kän zatlar hakynda oýlandyrýar.
Şu ýerde ýene bir ýatlamanyň wakasy hakynda söz açasym gelýär. Bagşy «Zülpüň» aýdymynyň üstünde 2-3 ýyllap işleýär. Soňra dosty Nazar Gullaýew bilen maslahatlaşyp aýdymyň notasyny ýazdyryp teleradioýaýlymda çykyş etmeli diýen netijä gelýär. Emma 1968-nji ýylda bu aýdymy Kompozitorlar birleşiginde diňlenilende bagşynyň sarpa goýýan sazandalarynyň käbiri: «Munyň-a halk aýdymy» diýip oňlamaýar. Şonda Döwletgeldi bagşy: «Egerde meniň şu döreden aýdymyma halk aýdymy diýseňiz armanym ýok, ýöne kabul etseňiz bolýar. Meniň maksadym şu aýdymy özümiň ýerine ýetirmegimde halkyma diňletmek» diýýär. Ine, şu ýerde onuň ýene bir paýhasly gowy häsiýetini görüp bolýar.
Elbetde, soňlugy bilen 1970-nji ýylda Kompozitorlar birleşiginiň täze saýlanan başlygy Aşyr Kulyýewe habar ýetensoň, bu aýdymyň ykbaly çözülýär. Bagşa awtorlyk şahadatnamasy berilýär. Şondan bärem ol aýdym halk köpçüligine ýetirilip, 60 ýyla golaý wagt bäri teleradioýaýlymlarda ýaňlanyp dur.
Ynha, şeýle ýatlamalardan bagşynyň öz durmuş hem zähmet ýoly, onuň miras galdyran aýdymlarynyň nähili çylşyrymly ýollar geçendigine göz ýetirip bolýar.
Akgül Saparowa.
