Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Möhüm başlangyçlar we jogapkärli çözgütler üçin amatly gün. Kesgitlän maksatlaryňyza ýetmekde batyrgaý ädimleri ädip bilersiňiz. Kärdeşleriňiz we hyzmatdaşlaryňyz bilen özara düşünişmek hem-de işjeň goldaw garaşylýar.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Maliýe meselelerine we meýilleşdiriş işlerine üns bermek maslahat berilýär. Meselelere çeýe çemeleşmek we sabyrlylyk kyn ýagdaýlardan üstünlikli çykmaga kömek eder. Şahsy durmuşyňyzda bolsa durnuklylyk we rahatlyk dörär.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Aktiwwik we täze pikirler bilen baýlaşan gün. Maglumat alyşmak, gepleşikleri geçirmek we täze tanyşlyklary ýola goýmak üçin amatly pursatdyr. Öz gözýetimiňizi we pikirleriňizi ynamly beýan etmäge çalyşyň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Iş meýilnamalaryňyzy tertibe salmak we jemlemek üçin gowy gün. Ýakynlaryňyzyň goldawy size goşmaça güýç-kuwwat berer. Saglygyňyza üns berip, dynç alşy we işjeňligi utgaşdyrmak maslahat berilýär.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Liderlik häsiýetleriňiz we döredijilik ukybyňyz ýokary derejede bolar. Öz taslamalaryňyzy üstünlikli hödürläp, töwereklerdakylaryň ünsüni çekip bilersiňiz. Şahsy gatnaşyklarda hem amatly we sazlaşykly gün.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Jikme-jikliklere üns bermek we çylşyrymly meseleleri çözmek üçin amatly wagtdyr. Iş ýerinde takyklyk we tertip-düzgün talap ediler. Şahsy meýilnamalaryňyzda gassadan çözgütlerden gaça durmak maslahat berilýär.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Täze hyzmatdaşlyk we bilelikdäki taslamalar üçin şowly gün. Diplomatiýa ukybyňyz çylşyrymly meseleleri parahatçylykly çözmäge mümkinçilik berer. Özara sazlaşykly gatnaşyklar günün durkuny kesgitleýär.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Kesgitlenen ugurlar boýunça möhüm ädimleri ätmäge amatly gün. Öz içki duýgularyňyza we instinktiňize ynam bildirip bilersiňiz. Maliýe geçirimlerinde bolsa seresaplylygy saklamak maslahat berilýär.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Täze bilimler edinmek we gözýetimiňizi giňeltmek üçin amatly pursat. Sagdyn pikirlenmek we maksadaokgunlylyk size täze üstünlikleri getirer. Ýolçulyklar we iş duşuşyklary şowly geçer.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Işjeňlik we durnuklylyk talap edilýän gün. Maýa goýumlary we maliýe meýilnamalary babatda oýunly çözgütler kabul ediň. Dogry çemeleşme uzak möhletleýin netijeleri berer.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Kollektiwde işlemek we täze ideýalary durmuşa geçirmek üçin şowly wagt. Daş-töweregiňizdäki adamlar bilen pikirlere baý aragatnaşyk dörär. Şahsy gatnaşyklarda hem özara düşünişmek berkişer.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Döredijilik we içki duýgular ýokary derejede bolar. Maşgala we öý işlerine üns bölmek oňyn netijeleri getirer. Işde bolsa ünsi bir ýere toplap, meýilnama boýunça hereket etmek maslahat berilýär.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
