BILIM

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär:

«Talyp karzy» ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň diňe degişli okuwynyň bahasyny tölemek üçin nagt däl görnüşinde berilýär.

Karzyň möçberi: 42 000 manada çenli;

Göterim derejesi: ýyllyk 5 göterim;

Möhleti: 3 ýyl.

Karzyň üpjünçiligi hökmünde 10 000 manat möçberine çenli bir ýa-da birnäçe raýatyň zamunçylygy, 15 000 manat möçberine çenli iki ýa-da birnäçe raýatyň zamunçylygy we 15 000 manatdan ýokary 42 000 manat möçberine çenli bolsa, girew kabul edilýär.

Hormatly talyplar we ene-atalar! Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky «Talyp karzyndan» peýdalanmak isleýän müşderileriniň ýüztutmalaryny we degişli resminamalaryny bankyň resmi www.dayhanbank.gov.tm internet sahypasy arkaly onlaýn görnüşinde kabul edýändigini ýatladýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:

Aşgabat şäheri boýunça: 38-03-79; 38-02-86; 24-44-55; 24-52-85.

Ahal welaýat şahamçasy boýunça: (800137) 3-34-39.

Balkan welaýat şahamçasy boýunça: (800246) 5-21-51.

Daşoguz welaýat şahamçasy boýunça: (800322) 9-35-07.

Lebap welaýat şahamçasy boýunça: (800422) 9-13-48.

Mary welaýat şahamçasy boýunça: (800522) 6-76-40.

Related posts

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw sapaklaryny gurnar

14 ýaşda uçurym boldy

Türkmen alymlary Stambuldaky halkara maslahata gatnaşar