Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň bilelikde guran «ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlamentleriň orny» atly üçünji Aşgabat maslahaty geçirildi.
Giň wekilçilikli bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti Mykyta Poturaýew, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Baş sekretary Roberto Montella, şeýle hem ÝHHG-niň Parlament Assambleýasyna agza ýurtlaryň parlament wekilleri, Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar we talyplar gatnaşdylar.
Mykyta Poturaýew – Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň prezidentiniň çykyşy:
Men Assambleýanyň prezidenti hökmünde ilkinji iş saparymy uzak möhletleýin oňyn Bitaraplyk syýasaty, dialog, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk üçin tebigy meýdança bolup durýan şu gözel ýurda – Türkmenistana amala aşyrýandygyma aýratyn begenýärin.
Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy we Helsinki jemleýji namasy her bir döwletiň howpsuzlygy üçin möhüm bolan ýörelgeleri – özygtyýarly deňligi, çäk bitewüligini, güýç ulanmazlyk ýörelgesini, dawalary parahatçylykly ýollar bilen çözmegi we adam hukuklaryna hormat goýmagy kesgitleýär.
Parlamentariler hökmünde biziň jogapkärçiligimiz jarnamalary kabul etmek bilen çäklenmeýär. Biziň hemişelik wezipämiz – syýasy borçnamalary kanunçylyga, parlament gözegçiligine, amaly hyzmatdaşlyga we dowamly gatnaşyklara öwürmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty bu maslahata aýratyn ähmiýet berýär. Bitaraplyk dialog, ynam döretmek, araçylyk we umumy bähbitli çözgütleri gözlemek üçin gymmatly meýdançany üpjün edip biler. Güýçlenen gapma-garşylyk döwründe parlamentarileriň açyk, hormat goýujy we umumy ýörelgelere esaslanyp, aragatnaşyk saklamaklary üçin Aşgabat ýaly ýerler has möhüm ähmiýete eýedir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek barada Kararnamanyň kabul edilmegine esas bolan başlangyjy üçin Türkmenistany buýsanç bilen gutlaýaryn.
Üçünji Aşgabat maslahatymyzyň umumadamzat bähbidine gönükdirilen tagallalara özüniň mynasyp parlament goşandyny goşjakdygyna ynanýaryn.
