JEMGYÝET

Aşgabatda Parlamentara dialogyň Aşgabat maslahaty geçirilýär

Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlamentleriň orny» atly üçünji Aşgabat  maslahaty geçirildi.

Iki günläp dowam etjek, Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän giň wekilçilikli maslahatda parlamentariler dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlament diplomatiýasyny ösdürmegiň ugurlary, daşky gurşawyň howpsuzlygyny, howanyň durnuklylygyny üpjün etmekde we tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almakda, tehnologiýalaryň ösüşini öňünden çaklamakda hem-de howpsuz, ynsanperwer, demokratik geljegi gurmakda halkara hukugynyň we parlament işiniň möhüm orny babatda özara pikir we tejribe alşyldy.

Giň wekilçilikli bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti Mykyta Poturaýew, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Baş sekretary Roberto Montella, şeýle hem ÝHHG-niň Parlament Assambleýasyna agza ýurtlaryň parlament wekilleri, Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar we talyplar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk dörediji Bitaraplyk syýasatyny, halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilen umumadamzat ähmiýetli oňyn başlangyçlaryny, dünýä giňişliginde barha dabaralanýan parlament diplomatiýasyny giňden ýaýbaňlandyrmak maslahatyň esasy maksady bolup durýar.

Maslahatda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň dialogy ösdürmekde, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde durmuşa geçirýän anyk tagallalarynyň we öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň dünýä döwletleri üçin nusgalyk bolup durýandygy aýdyldy.

Related posts

13-nji sentýabrdaky howa maglumaty

Türkmenistan ile Romanya diplomatik personelin hazırlanmasında işbirliği yapacak

vepa

Çekirtge ― Hytaý üçin täze howp

Ata Watan Eserleri