Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynda Bütindünýä hyzmatdaşlyk maslahatyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 10-13-nji noýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Çhunçhon şäherinde Kangwon milli uniwersitetiniň guramagynda geçirilen «Kangwon milli uniwersitetiniň serhetlerinden daşary: Ýokary bilimde bütindünýä ýaýbaňlanma we hyzmatdaşlyk» atly 3-nji Bütindünýä hyzmatdaşlyk maslahatyna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekilleri gatnaşdy.

Halkara derejede guralan bu maslahata Hytaý Halk Respublikasyndan, Fransiýa Respublikasyndan, Wengriýadan, Malaýziýadan, Wýetnam Sosialistik Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Türkmenistandan, Özbegistan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan wekiller gatnaşdylar. Maslahatyň umumy mejlisinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory çykyş etdi. Ol öz çykyşynda «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» esasy maksatlaryna – bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, halkara bäsdeşlige ukyplylyga, okatmagyň döwrebap usullaryna uly üns berilýändigi beýan edildi hem-de Kangwon milli uniwersiteti bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň özara hyzmatdaşlygynyň tejribe alyşmak, akademiýa hereketliligini ösdürmek we ýokary bilimi halkara derejä çykarmak işinde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Saparyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory bilen Kangwon milli uniwersitetiniň prezidenti Çoň Jeýonyň arasynda resmi duşuşyk geçirildi. Taraplar iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda baglaşylan Ähtnamanyň hem-de Ylalaşygyň çäklerinde alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda geljekde ikitaraplaýyn bilim maksatnamasyny durmuşa geçirmek, talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalşygyny artdyrmak, şeýle hem tomusky tejribelik maksatnamalaryny giňeltmek boýunça täze ädimler kesgitlendi.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynda Bütindünýä hyzmatdaşlyk maslahatyna gatnaşdy

ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistana ilkinji sapary

Aşgabatda Parlamentara dialogyň Aşgabat maslahaty geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy YHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkiýede goşmaça 3 we 5 ýyllyk ýaşamak üçin rugsat (ikamet) bermek barada Prezidentiň karary

«Ata Watan Media» TÜRKSOÝ-nyň öňki Baş sekretary Düsen Kaseinow bilen duşuşdy

Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Amangeldi aga!

Ata Watan Eserleri

Türkmen žurnalistikasy agyr ýitgi çekdi: Amangeldi Nurmyradow aradan çykdy

Türkmenistanyň dokma senagaty Ýewropada tanyşdyrylýar

Türkmenistan bilen Pakistan syýahatçylyk pudagynda ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Landaunyň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň wekili ABŞ-da geçirilen halkara bilim maksatnamasyna gatnaşdy

Alan hoşal, beren hoşal, seniňki nämelik?

Ata Watan Eserleri

Pakistan Türkmenistany CASA-1000 taslamasyna gatnaşmaga çagyrdy

Türkmen-pakistan hökümetara toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi

Aýyň täleýnamasy 2026: Noýabr

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri Yslamabadda duşuşdy

Türkmenistan we BMG-niň agentlikleri COP31 maslahatynyň çäklerinde birnäçe tematiki mejlis geçirdiler

2026: Hepdelik täleýnama ( 16-njy -22-nji noýabr )