DÜNÝÄ

Putin Hytaýda: Russiýanyň, Hytaýyň we ABŞ-nyň liderleriniň üçtaraplaýyn duşuşygyna garaşylýar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Hytaýyň Şençžen şäherine bardy. Döwlet baştutanyny Baoan halkara howa menzilinde garşyladylar.

18–19-njy noýabrda Russiýanyň Prezidenti Aziýa–Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygy guramasynyň (APEC) ykdysadyýet liderleriniň sammitine gatnaşar.

Saparyň giň gerimli maksatnamasynda Işewürlik forumynda we umumy mejlisde çykyş etmek, şeýle hem birnäçe resmi protokol çärelerine gatnaşmak göz öňünde tutulýar.

Ikitaraplaýyn gepleşikler we halkara duşuşyklar

Köptaraplaýyn çärelerden başga-da, Russiýanyň lideriniň iş meýilnamasynda ikitaraplaýyn gepleşikler hem bar.

Wýetnamyň lideri To Lam we Tailandyň Premýer-ministri Anuthin Çanwirakun bilen duşuşyklaryň geçiriljekdigi eýýäm resmi taýdan tassyklanyldy.

Şeýle hem ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşygyň geçirilmegi mümkin. Häzirki wagtda bu duşuşygyň görnüşi ylalaşylýar. Mundan başga-da, beýleki resmi däl duşuşyklaryň geçirilmegine hem garaşylýar.

Putin bilen Si Szinpiniň gepleşikleri

Saparyň möhüm bölekleriniň biri Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikler bolar.

Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakowyň ozal habar bermegine görä, taraplar giňeldilen düzümde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Soňra bolsa iş ertirliginiň dowamynda çäkli düzümde halkara syýasy gün tertibiniň möhüm meselelerine jikme-jik serederler.

Russiýa, Hytaý we ABŞ: taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk

Ýuriý Uşakowyň bellemegine görä, saparyň iň möhüm wakasy Russiýanyň, Hytaýyň we ABŞ-nyň liderleriniň taryhda ilkinji gezek geçirilmegi meýilleşdirilýän üçtaraplaýyn duşuşygy bolar.

Taraplar bu sammite aýratyn üns we taýýarlyk bilen çemeleşýärler.

Şençžende APEC işewürlik sammiti başlandy

Hytaýyň Şençžen şäherinde Aziýa–Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygy guramasynyň (APEC) işewürlik sammitiniň öz işine başlady.

Giň gerimli çäre Sýanhaý halkara maslahatlar merkezinde «Abadançylyga bilelikde ýardam bermek, hemmeler üçin özara bähbitli umumy geljek» diýen şygar astynda geçirilýär.

Bu forum sebitde ýylyň iň möhüm ykdysady we syýasy wakalarynyň birine öwrülip, 18–19-njy noýabrda geçirilmegi meýilleşdirilen APEC ykdysadyýet liderleriniň sammitine taýýarlygyň möhüm tapgyry bolup durýar.

Related posts

Beýik Britaniýada täze hökümet düzüldi

USAID täze Merkezi Aziýa söwda maksatnamasyny yglan edýär

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçisi fransuz atçylyk bilermeni bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri