DÜNÝÄ

USAID täze Merkezi Aziýa söwda maksatnamasyny yglan edýär

2021-nji ýylyň 8-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Guramasy (USAID) 5-nji oktýabrda Türkmenistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda amala aşyryljak we umumy maliýesi 19 million amerikan dollara deň bolan Merkezi Aziýa Söwda Maksatnamasynyň başlandygyny habar berdi.  Täze taslama USAID-iň ýyllar boýy sebitleýin söwdany ýeňilleşdirmekde, telekeçiligi ösdürmekde we sebitleýin gatnaşykda gazanan üstünliklerine esaslanar.  USAID-iň Merkezi Aziýa Söwda Maksatnamasy üç esasy strategiki maksada ýetmek üçin döwlet we hususy pudaklara tehniki ýardamy berer.Maksatnamanyň ilkinji işi, maliýe we wagt çykdajylaryny azaltmak, şeýle hem sebitdäki ykdysady ösüşi höweslendirmek üçin gümrük we serhet gözegçilik proseduralaryny sazlaşdyrmaga gönükdiriler.  Ikinjiden, maksatnama ösüşi höweslendirýän we maýa goýumlaryň akymyny üpjün edýän özgertmeleri amala aşyryp döwlet we hususy hyzmatdaşlygy güýçlendirer.  Üçünjiden, gyzyklanýan taraplar bilen Merkezi Aziýa sebitinde we beýleki çäklerde serhetaşa söwdanyň mukdaryny ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistana gynanç bildirdi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Rabab Fatima bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýokary derejeli halkara suw maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisinde Koreýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

«Galkynyş» topary Türkiýede geçirilen halkara festiwala gatnaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri bilen duşuşdy