DÜNÝÄ

Türkmenistan-Eýran: ekologiýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow “Azyk howpsuzlygy we howanyň üýtgemegi ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Eýranyň wekiliýetiniň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Wise-prezidenti, Daşky gurşawy goramak boýunça guramasynyň başlygy Ali Salajege bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşykda taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler we ugurlaryň toplumyny öz içine alýan ikitaraplaýyn gün tertibindäki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary ýokary derejeli duşuşyklaryň we Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň arasynda ýola goýlan netijeli we ynanyşykly gepleşikleriň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Gepleşikleriň dowamynda söwda, ykdysadyýet, energetika, ulag we logistika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna hem garaldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi nukdaýnazaryndan Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara komissiýasynyň işiniň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar daşky gurşawy goramak boýunça meseleleriniň ýerliklidigini belläp, howanyň üýtgemegine we daşky gurşaw meselelerine garşy göreşmekde ilkinji nobatda sebit derejesinde tagallalary birleşdirmegiň zerurlygy barada çykyş etdiler.

Hususan-da, çölleşmä we gum tupanlaryna garşy göreşmek hem-de suw meselelerinde hereketleriň birleşdirilmegine aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemegi nukdaýnazaryndan azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahatyny geçirmegiň öz wagtynda ýerine ýetirilendigi nygtaldy.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy