DÜNÝÄ

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň daşary işler ministrleriniň mejlisi

Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogyna gatnaşyjy döwletleriň daşary işler ministrleriniň 9-njy mejlisi geçirildi. Oňa degişli döwletleriň daşary işler ministrleri bilen birlikde, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy.

Dialogyň çäginde oňa gatnaşyjylar hökümetara gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit howpsuzlygy, durnukly ösüş, söwda-ykdysady pudagynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek, işjeň medeni-ynsanperwer alyş-çalşy ýola goýmak boýunça özara pikirler alşyldy.

Mejlisiň ahyrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda metbugat brifingi geçirildi.

Related posts

114 ýyllyk dessur bozuldy

Marten Buig: Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşant goşmaga taýýardyrys

Ankara şäherinde uly led ekranda Türkmenistan barada wideorolik

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment