JEMGYÝET

Türkmenistan elektron wiza ulgamyny ýola goýýar

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda sanly ulgamlaryň ornaşdyrylyşyna, migrasiýa babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, elektron wiza ulgamynyň ornaşdyrylmagyna hem-de ýurdumyzda bolýan daşary ýurt raýatlaryny onlaýn hasaba alnyşyna bagyşlanan brifing geçirildi.
Çärä daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri hem-de konsullary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Brifingiň dowamynda esasy üns ýurdumyzyň migrasiýa ulgamyna öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine gönükdirildi. “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmäge rugsat berýän elektron wiza (e-Visa) resmileşdirmek hem-de bermek ulgamy barada bellenilip geçildi.
Şunuň bilen birlikde daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň bolýan ýerleri boýunça hasaba alynmagy, hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy we hasapdan çykarylmagy bilen bagly kadalary döwrebaplaşdyrmak işlerine üns berildi. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda ýurdumyzda bolýan daşary ýurt raýatlaryny hasaba almak üçin “Onlaýn hasaba alyş ulgamy” işlenilip taýýarlanylyp, ýurdumyzda bolýan daşary ýurt raýatlary we olary kabul edýän fiziki we ýuridik şahslar Gullugyň edaralaryna gelmezden, internet arkaly daşary ýurt raýatlaryny hasaba goýmak tertibi durmuşa geçirildi.
Täze sanly hyzmatlar ýurdumyza gelýän daşary ýurt raýatlarynyň wagtynyň tygşytlanmagyna, resminamalary elektron dolanşygyna geçirmäge hem-de ähli işleri gysga wagtda, ýeňilleşdirilen tertipde amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem bu ulgamlar migrasiýa gullugynyň işiniň netijeliligini artdyryp, hyzmatlaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guralmagyny üpjün eder.
Türkmenistanyň ynsanperwerlik hukugy babatdaky gazanan üstünlikleri, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň «Men degişli bolýaryn» global maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirip, ýurdumyzda raýatsyzlygyň soňuna çykylandygy we Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Halkara migrasiýa guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygy hem-de beýleki halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenilip geçildi.
Brifingiň ahyrynda tanyşdyryş wideoşekiller görkezildi hem-de gatnaşyjylary gyzyklandyrýan soraglar boýunça netijeli pikir alşyldy.

Related posts

Hormatly Prezidentimiz ýaşlara umumy okuw sapagyny geçdi

Tokio-2020: Iň köp Amerika medal gazandy

Ata Watan Eserleri

“Matriks” filminiň 4-njisi surata düşüriler

vepa