SPORT

Peruda tapylan ösümlige Messiniň ady berildi

Peruda tapylan we ýitip gitmek howpy astyndaky täze ösümlik görnüşine Lionel Messiniň hatyrasyna “Salvia messii” ady berildi

Täze ösümlik görnüşine argentinaly futbolçy Lionel Messiniň hatyrasyna «Salvia messii», ýagny terjime edilen «Меssiniň ösümligi» diýlip at berildi. Bu barada «The Athletic» internet portaly habar berýär.

Ösümlik öz adyny Argentinanyň milli ýygyndysynyň eşikleriniň reňkini ýatladýan açyk gök we ak gülle tapawutlanýandygy üçin aldy. Bu ösümligiň  kiçi görnüşleri antioksidant, çişmä garşy we antiseptik täsirleri bilen tanalýar.

Messi39 ýaşynda, ol 2023-nji ýyldan bäri Demirgazyk Amerikanyň Baş futbol ligasynyň (MLS) «Inter Maýami» klubynda çykyş edýär. Ýewropada argentinaly hüjümçi Fransiýanyň «PSŽ» we Ispaniýanyň «Barselona» klublarynda oýnady.

Hüjümçi dünýä çempiony (2022), dünýä birinjilikleriniň iki gezek kümüş medalynyň eýesi (2014, 2026), Olimpiýa çempiony (2008) we Amerika kubogynyň iki gezek ýeňijisidir (2021, 2024).

Месси «Altyn top» baýragynyň sany boýunça rekorda (sekiz gezek) eýedir. Argentinanyň milli ýygyndysy üçin Месси 208 duşuşyk geçirip, 126 gol urdy. Ol her iki görkeziji boýunça hem milli ýygyndynyň rekordçysydyr.

Related posts

Messi koronawirusdan gutuldy

«Migrasiýa» woleýbol topary – Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi boldy

Mane “Bawariýa” geçýär