JEMGYÝET

Marko Rubio: ABŞ Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär

ABŞ Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär we olary möhüm diýip hasaplaýar. Bu barada ABŞ-nyň döwlet sekretary, prezidentiň milli howpsuzlyk boýunça kömekçisi Marko Rubio habar berdi.

«Gürrüň diňe bir Özbegistan barada däl, eýsem Merkezi Aziýanyň beýleki dört ýurdy barada hem gidýär. Bu möhüm gatnaşyklardyr» diýip, ol “C5+1” görnüşindäki ministrler duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistana uçmazdan ozal žurnalistler bilen söhbetdeşlikde habar berdi. «Gatnaşyklary ýola goýmak üçin baryp görmeli ýurtlarymyz bar» diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary belledi we muny «strategik sapar» diýip atlandyrdy.

C5+1 — bu ABŞ-nyň Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen özara hyzmatdaşlyk mehanizmidir. Waşington ony takmynan 2015-nji ýyldan bäri ulanýar. Döwlet departamentiniň öň habar berşi ýaly, Rubio agzalan ýurtlaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirer.

Amerikanyň daşary syýasat edarasynyň maglumatlaryna görä, Özbegistana ABŞ-nyň iri işewürlik düzüminiň 200-den gowrak wekili geler. Amerika tarapy muny «ABŞ we Merkezi Aziýanyň söwda gatnaşyklaryny berkitmekde täze döwrüň başlangyjyna» ýardam eder diýip hasaplaýar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistanda Germaniýa hödürläp boljak teklipler bar

Türkmen alabaýlaryna bagyşlanan žurnal döredildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan, 5.Asya Oyunları’nı Japonya’da tanıttı

vepa