MEDENIÝET

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä dolan owaz

Mähriban okyjylarym, ýene-de başymdan geçen bir täsin wakany metbugatyň üsti bilen size ýetiresim geldi.

Sapaly güýziň ak öýläni öýden daş çykdym. Daşary imisalalykdy. Tyllaýy kuýaşyň howry bolsa ylla käbäm ejemjanyň mukaddes tamdyryndan çykýan ýaly goja dünýäni özüniň mähir howruna çoýýardy. Gözel tebigatymyzyň janly-jandarlary bolsa gül pudakdyr, baglara gonup, saýasynda saýalap özlerine karar tapýardylar. Men şonda bir salym kuýaşyň mähirli çoguna ýüzümi tutyp, giň asmana bakdym. Päk asmandan nura çümüp gaýdýan tyllaýy şöhleler bolsa, meň kalbymda köreýän aýdym-saza bolan yşkymy ataş kimin ýakyp-ýandyryp barýardy. Şol pursat Beýik Biribiryň gudraty bilen mawy asmanda bir bölejik akja bulut peýda bolup, nirelerden bir ýana öz höwrüni gözleýän ýaly sergezdan bolup, iki ýana mylaýym şemala, şirin mukama maýyl bolup oýnaýan ýalydy. Bu bolup geçýän täsin hadysalara bütin durkum bilen berlip, giň jahany synlap durka, tebigatam meniň içki duýgumy okaýan ýaly mylaýym ýeli bilen duran agaçlaryň başyny, duýguly dünýämi şirmaýy daragy bilen darap gitdi. Ösen ýeliň täsirine gapymyzdaky käbämiň eken şa tudynyň ýapraklary şybyr-şybyr owaz edip, türkmen sährasynyň saýrak guşlarynyň owazy deýin eliňe galam al-da türkmen bilbili Medeniýet Şahberdiýewa hakynda ýaz diýen ýaly mukaddes setirlerini kalbyma bagyş etdi. Duýguly dünýäden düýguly dünýä gark bolup, otyrşyma birdenkä ýerimden turup, öýe girdim-de käbämden miras galan köneje radionyň nurbatyny towlanymam şol welin, maňa duýgudaşlyk bildirýän ýaly radioda türkmen bilbili halypamyzyň “Durnalar” diýen ajaýyp aýdymy ýaňlanyň başlady. Şol pursat ýazyň hem güýzüň şahyry bolan halypamyz Gurbannazar Ezizowyň “Durnalar”, “Türkmen sährasy”, “Bilbil” ýaly ajaýyp şygyrlary kalbyma doldy.

Bahar meýlisine çyksaň seýrana,

Türkmen sährasynyň aldyr gülleri.

Başyň sypap seni goýar haýrana,

Belent daglaryndan inen silleri…

Güýz pasly, päk asmanda toýnak gurap barýan durnalar hem, eli çeper gyzyň gülli tahýany çekişi ýaly howa ýüzünde ajaýyp parahatlyk keşbini suratlandyrýan mysaly gykuwlaşyp özleriniň ajaýyp mahmal owazy bilen türkmen bilbili, türkmen bilbili diýip, türkmen sährasynyň üstünden aga-ýana ganat ýaýyp, ýyly ýurtlara göçüp barýar. Gördüňizmi, kerwen gurap barýan durnalar hem şirin owazly bilbil halypamyzy wasp edýän mysaly ynsan dilinde söhbet edip bilmese-de, ynsan ýaly duýup özüniň şeker dili bilen türkmenisň bilbil gyzyny jahana ýaýýar. Hakykatdan hem, halypaň bilbil owazyndan kemala gelen sungat daragtynyň datly miwesinden dadan ynsanlar hemişe ussat hakynda süýji ýakymly ýatlamalarda ýaşaýarlar. Çünki, halypanyň şirinden-şirin owazy teşne kalplaryň girdawyna düşüp müdimilik altyn owaz bolup ýaşaýar. Ussatlarymyz hakynda dünýäni unydyp, bütin durkuny halypalarymyza bagyş edýän, köňül käbesinden gaýdýan her bir setirlerini halkyna bagyş edýän ussat halypa žurnalistimiz Parahat Çerkezowa müň kerem mamla:

– Nury Halmämmedow saz sungatynyň Magtymgulysy, Medeniýet Şahberdiýewa bolsa uly dünýäň saýrak bilbili diýip belläp geçmegi halypanyň aýdym-saz sungatyna bolan çäksiz söýgüsini, serhetsiz dünýäsini görmek bolýar.

  • Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedow meniň agam ýadyma düşýär. Agam öz ýzan saz eserlerini bilbil halypamyza diňledip, soňra Moskwa ýazga äkidýärdi. Bir gün agam Medeniýet Şahberdiýewa bilen dünýäni unydyp bir aýdymyň üstünde işläp otyrkalar olaryň ýanyna Türkmenistanyň halk artisti Alty Garlyýewa gelip, mähir bilen saglyk-amanlyk soraşýar. Üç sungat daragty birleşýär. Alty aga buýsanç bilen: “Nurym, doganym, men her bir kinomy ussadymyzyň bilbil owazyndan ruhlanyp surata düşürýärin” diýýar. Şonda Nury agam: “Hawa, hak aýdýaň türkmen bilbili “Medeniýet Şahberdiýewa biziň ylham çeşmämiz-ä!” diýip, uly hormat bilen ussadyň altyn owazyna bagyşlap döreden “Durnalar” diýen sazyny çalyp berýär. Ol barmana gapydan poeziýaň sütüni Gurbannazar Ezizow mähir bilen salamlaşyp gelýär-de ussatlar bilen döredijilik dünýäsine berilýärler – diýip Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet Çagalar kitaphanasynyň I-derejeli halypa kitaphanaçysy Ogulnyýaz Gulmuhammedowa buýsanç bilen gürrüň berdi.

Türkmen sährasynyň saýrak bilbillerine deňelýän halypa aýdymçymyz Medeniýet Şahberdiýewa sözüň doly manysynda ähli halkyň dilinde uly dünýäň bagt hakynda aýdym aýdýan Sumrug saýrak guşydyr diýilmegi halypa berilýän çyn bahadyr. Göz öňüne getirip görüň, gyş paslynda ene ýer zähmet rugsadyna çykan deý, rahat dem-dynjyny alyp, süýji uka gidýär. Ähli janly-jandarlar bolsa gyş ukusyna gidýär. Adatça, türkmen senenamasynda 22-nji fewral 90 dolup ýere ýyly ýöreýär. Aý-gün hasaby boýunça ene ýer gara gyşdan çykyp, ajaýyp bahar paslyny garşy alýar. Ýyly ýurda giden durnalar gykuwlaşyp bahar paslyny buşlap, türkmen sährasyna dolanyp gelýärler. 1930-njy ýylyň 23-nji fewraly bahar buşlukçysy türkmen bilbili halypamyz bedew ýylynda dünýä inýär. Bedew ýylynyň bady bilen dünýä inen türkmen gyzjagazynyň hoş owazyna  gyş ukusyna giden tebigatyň jandarlary maýyl bolup ukudan oýanýarlar. Baglar pyntyk ýaryp, ýaşyl begres donuny geýse, guşjagaz jürküldäp bilbil, bilbil geldi diýşip öz aralarynda şeýda nagma kakýardylar – diýip ýaşy birçene baran garry lukmanlaryň sözleri häli-häzirlerem gulagymda ýaňlanyp dur. Dogrudanam, bilbil owazy bilen ýaýylyp ýatan çölleri güle öwrüp bilen, ýer ýüzüni ajaýyp mukama beslän, halklaryň kalbynda dost-doganlyk köprüsini guran, halypamyz her bir ynsanyň ýürek urgusyna öwrüldi. Bedew ýylynda doglan ussat halypamyz Medeniýet Şahberdiýewa türkmen medeniýetini, sungatyny bilbil owazy bilen äleme ýaýdy. Halypa aýdymçynyň zybanynda Güdogaryň söz ussady Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Keminäniň, Seýitnazar Seýdiniň, Gurbannazar Eziziň, Kerim Gurbannepesiň, Gara Seýitliniň ýene-de onlarça ýazyjy-şahyrlarymyzyň goşgulary diliniň dessanyna öwrüldi. Mundan başga-da, Bilbil halypamyzyň repertuaryny dünýäniň ençeme ýazyjy-şahyrlarynyň goşgulary hem altyn owaz bolup ýaňlandy. Medeniýet Şahberdiýewanyň ýürek urgusy mukaddes Watan, ene toprak, halk diýip urup manyly ömrüni Watana bagyşlan är gaýratly zenandyr. Halypamyz hakynda “Edebiýat we sungat” gazetiniň 1967-nji ýyldaky sanlarynyň birinde aýdymça bagyşlanylyp düzülen degişme goşguda bolsa:

 

Medeniýetiň owazyň

                  Diňleýär Amerika,

                 Ýewropa hem Aziýa

                 Bagdaky bilbilleri

                 Çykarmaly pensiýa

– diýip “Teklip” edilýär. Ýok, aýdymçy bilbilleriň “Pensiýa ugradylmagyny” asla islemeýär. Gaýtam, bilbiller hakdaky aýdymlaryň has kämil ýerine ýetirilmegini gazanmak üçin bilbil baglaryna ýörite baryp, “Kärdeşlerinden” sapak alýar. Saýraýarka, olaryň demini saklap bilşini, ses toplaýşyny inçelik bilen öwrenýär-de tebigat gözelliginden goryny alan iki bilbil, iki dünýä joşup dünýäni undup saýraýar – diýip, halypa žurnalist özüniň “Türkmen bilbili” atly täze kitabynda bellap geçýär. Bu täsirli wakalary bir-birden serimden geçirip, gözümden gaýdýan buýsanç göz ýaşlaryma, duýguly dünýäme  gark bolup oturşyma birden-kä gapy kakyldy. At guýduryp daş çykdym. Mähirlije çagajyklar: agam salawmaleýkim, eger mümkin bolsa gopuz çalyp beräý – diýdi. Men ýylgyrdym-da: bor jigilerim, geregiňiz gopuz bolsun – diýip, çagalaryň mähir bilen başyny sypap käbämiň öz mähirli eli bilen eden gülli keçesini şa tudyň aşagyna ýazyp, çagalara türkmen aýdym-saz sungatynyň halypalary hakynda gürrüň berip, “Keçpelek” kinofilminde Maralyň akar çeşmäniň boýunda çalan sazyny ýaňlandyryp çalyp berdim. Şol pursat mylaýymja ýel ösüp ylla halypalarymyz Nury Halmämmediň, Medeniýet Şahberdiýewanyň şirin owazy bolup, on iki süňňümize ýaýrap gitdi.

Bilbil aýdymy bilen

                  Döredip bahar-ýazy,

                  Dünýä çykdy Medeniýet

                  Şahberdiwaň owazy.

Ussadyň bilbil owazy ýaňlansa, men hemişe uly dünýäniň bagt hakyndaky aýdymlaryny diňleýärin.

 

Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,

TDP-niň Baýramaly etrap komitetiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

 

Related posts

Türkmenistan “Al Jazeere” teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlyk eder

22-27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Türkmenistan Halkara habarlar merkezini açdy