SPORT

Türkmen agyr atletikaçysy Hytaýdaky dünýä çempionatynda 2 sany dünýä rekordyny goýdy

Türkmen agyr atletikaçysy Şabnam Kerimbaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň Ninbo şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça 91-nji dünýä çempionatynda ýetginjekleriň arasynda birbada iki sany dünýä rekordyny goýup, aýratyn tapawutlanan netijäni görkezdi.

Ýaryşyň dowamynda türgen birbada götermekde 89 kg agramy üstünlikli göterip, bu görnüş boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä rekordyny täzeledi. Şeýle üstünlik silterläp götermekde hem gazanyldy — ol ýerde Şabnam 112 kg agramdaky ştangany götermegiň hötdesinden geldi. Iki görnüşiniň jemi boýunça türkmen agyr atletikaçysy 201 kg toplady we bu hem ýetginjekleriň arasynda täze dünýä rekordyna öwrüldi.

Şabnam Kerimbaýewanyň Hytaýda geçirilen dünýä birinjiligindäki taryhy netijesi ata Watanymyzyň sportunyň ýokary ösüş derejesiniň, türgenleri taýýarlamagyň milli ulgamynyň netijeliliginiň hem-de halkara meýdançasynda türkmen agyr atletika mektebiniň üstünlikli öňe sürülýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Related posts

Türkmenistanyň ýygyndylary Bütindünýä küşt Olimpiadasynda üstünlikli çykyş edýär

Çempionlar ligasy: garaşylmadyk netije

Ata Watan Eserleri

Çempionlar ligasy täzeden başlaýar: “PSŽ” – “Bawariýa”