SPORT

FIFA 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň resmi topuny tanyşdyrdy

FIFA futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň resmi topuny tanyşdyrdy. Çempionat birbada üç ýurtda — ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler diýip, metbugat gulluklary habar berýär.

Täze model «Trionda» adyny aldy, ispan dilinden terjime edilende «üç tolkun» diýen many berýär — bu bolsa çempionaty gurnaýan üç ýurtdan ybarat hyzmatdaşlygyň nyşanydyr.

Dizaýny gyzyl, ýaşyl we gök reňkde ýerine ýetirildi — her reňk bir ýurdy alamatlandyrýar. Topuň ýüzünde hem döwletleriň nyşanlary ýerleşdirilipdir: Kanada üçin — agaç ýapragy, Meksika üçin — bürgüt, ABŞ üçin bolsa — ýyldyz.

Ýöne «Trionda» diňe bir görnüş däldir. Onuň içinde 500 Gs ýygylykda işleýän ýörite çip oturdylan. Ol topuň hereketi baradaky takyk maglumatlary hakyky wagtda geçirýär, bu bolsa eminlere we “VAR” ulgamyna işlerini ýeňilleşdirýär.

Related posts

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Ýewropa futbolyndaky soňky transferler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly futzal emini Aziýa Kubogynyň duşuşygynda eminlik etdi