SPORT

Rus hokkeýçi Oweçkin taryhy rekordyna golaýlaýar

Russiýaly hüjümçi Aleksandr Oweçkin Milli hokkeý ligasynda geçiren gollarynyň sanyny 885-ä ýetirdi. Ol kem-kemden kanadaly hokkeýçi Ueýn Gretskiniň rekordyna golaýlaýar.

“Waşington” toparynyň kapitany rus hokkeýçi “Nýu-Ýork Reýnžers” topary bilen geçirilen duşuşykda hem tapawutlanmagy başardy.

39 ýaşyndaky Oweçkin kanadaly türgen Gretskiniň 894 gollyk taryhy rekordyny gaýtalamaga golaýlaýar. Oweçkiniň rekordy gaýtalamak üçin 9, rekordy öz adyna geçirmek üçin bolsa, 10 gol galdy.

Şu möwsümde Oweçkin geçiren duşuşyklarynda 32 gezek tapawutlandy.

Related posts

“Ahalyň” baş tälimçisi: her bir toparyň indiki tapgyra çykmaga mümkinçiligi bar

“Mançester Ýunaýtediň” täze rekordy: 300-nji ýeňşi

«Arkadag» topary «Al-Haldiýa» toparyny kabul eder