DÜNÝÄ

Türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi

2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan wekiliýetine bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Samir Pol Kapur ýolbaşçylyk etdiler.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryna we mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini mazmunly ara alyp maslahatlaşmaga hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemäge şert döredýän yzygiderli syýasy dialogy dowam etdirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim, medeniýet we ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şunda söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, maýa goýumlaryny çekmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle hem bilim we ylym ulgamlarynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň, medeni-ynsanperwer alyşmalary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sebitleýin gün tertibiniň çäklerinde «Merkezi Aziýa – ABŞ» («C5+1») formatyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem halkara ýagdaýynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Geňeşmeleriň netijeleri boýunça taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, syýasy dialogy yzygiderli ösdürmegiň we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy anyk amaly mazmun bilen baýlaşdyrmagyň ähmiýetini nygtadylar.

Related posts

44 günlük Premýer-ministr Liz Trass wezipesini tabşyrdy

«The Telegraph» 2020-nji ýylyň syýahat ugurlaryny kesgitledi

vepa

Türkmenistanda galla oragyna girişilýär