2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-german hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasynda yzygiderli dialogy, şeýle hem özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.
Senagat, energetika, oba hojalygy we ulag-logistika ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegi, şeýle hem Germaniýanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we Türkmenistanyň hem-de Germaniýanyň arasyndaky amaly gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.
