BIZNES

Ministr: SOCAR Türkmenistandaky geljegi uly ýataklary özleşdirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär

Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy “SOCAR” Türkmenistandaky geljegi uly ýataklary özleşdirmek boýunça taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär.

“Trend” habarlar agentliginiň habarçysynyň maglumatyna görä, bu barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Bakuwda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly kabul edişlikde mälim etdi.

«SOCAR Türkmenistandaky geljegi uly ýataklary özleşdirmek boýunça taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär» diýip, Jabbarow aýtdy.

Onuň bellemegine görä, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikler bar.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň energetika hyzmatdaşlygy Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerini bilelikde özleşdirmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyny hem öz içine alýar. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda taraplar «Dostluk» ýatagyny bilelikde gözlemek we özleşdirmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. 2026-njy ýylyň iýun aýynda SOCAR-yň we Türkmenistanyň wekilleri energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

“SOCAR” kompaniýasy 21–23-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT 2026) atly halkara maslahatyň we serginiň baş hyzmatdaşy bolup çykyş edýär.

Çäräniň guramaçylary «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy hem-de “Turkmen Energy Forum” bolup durýar.

Foruma gatnaşýanlaryň ara alyp maslahatlaşjak esasy meseleleriniň hatarynda gaz ýataklaryny özleşdirmek, Hazar deňzinde uglewodorod serişdelerini gözlemek we energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek bar.

Related posts

Türkmenabatda täze jaýlar ulanylmaga berildi

Türkmenistan tebigy gazyny Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna üstaşyr ibermekçi

Ata Watan Eserleri

Energetika boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi