DÜNÝÄ

Putin, Tramp we Szinpin Hytaýda duşuşyp biler

Hytaý Russiýa, ABŞ we Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) liderleriniň arasynda geçirilmegi mümkin bolan duşuşyga taýýarlyk görýär. Amatly şertler emele gelen ýagdaýynda bu duşuşyk Aziýa–Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlygy (APEK) guramasynyň Şençžen şäherinde geçiriljek sammitiniň çäginde bolup biler.

Bu barada Russiýanyň prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow žurnalistlere habar berdi.

«APEK sammitiniň eýeleri bolan hytaýly dostlarymyz bu duşuşygy taýýarlamak bilen meşgullanýar ýa-da has dogrusy, eýýäm taýýarlyk işlerine başladylar. Amatly şertler emele gelen ýagdaýynda, hytaýly dostlarymyz elbetde bu duşuşygy Şençžendäki çäreleriň maksatnamasyna goşarlar» diýip, Uşakow aýtdy.

Onuň bellemegine görä, üçtaraplaýyn sammiti geçirmek mümkinçiligi Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ prezidentiniň ýörite wekili Stiw Witkoffyň duşuşygy wagtynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýanyň prezidentiniň kömekçisiniň bellemegine görä, üç paýtagtyň hiç biri bu pikiri ret etmeýär.

Üçtaraplaýyn gepleşikleriň mümkin bolan gün tertibi barada aýtmak bilen, Uşakow Russiýa tarapynyň käbir amaly teklipleri öňe sürendigini hem aýtdy.

Related posts

İstanbul Üniversitesinde Mahtumkulu Firakı’nın şiir günü dolayısıyla bilimsel konferans düzenlendi

vepa

Katar dünýä çempionatyna taýýarlanýar

Gazagystanda «Geljegiň oýunlary-2026» halkara ýaryşy badalga aldy

Ata Watan Eserleri