SPORT

Sergen Ýalçyn Türkiýäniň ýygyndysy baş tälimçisi boldy

Sergen Ýalçynyň Türkiýäniň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenmegi barada ylalaşyga gelendigini mälim edildi.

Täze wezipesine bellenýändigini aýdan Ýalçyn: «Aý-ýyldyzly baýdagymyz ähli zatdan belentdir. Bu karar biziň hemmämiz we ýurdumyz üçin haýyrly bolsun» diýdi.

Tejribeli tälimçi 4 ýyllyk şertnamanyň Ýewropa çempionatyna we Dünýä kubogyna gatnaşmak maksatlaryna laýyklykda meýilleşdirilendigini aýtdy.

Türkiýäniň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine Sergen Ýalçyn bellenýär. Tejribeli hünärmen “Kafa Sports YouTube” kanalynda eden çykyşynda milli ýygynda ýolbaşçylyk etmek barada ylalaşyga gelendigini habar berdi.

Soňky günlerde gepleşikleriň has-da işjeňleşendigini bellän Ýalçyn milli ýygyndynyň baş tälimçisi bolmagyň özi üçin uly mertebedigini nygtady.

Related posts

Habib – Getži tutluşygy 24-nji oktýabrda geçiriler

«Galatasaraý» topary Türkiýäniň çempiony boldy

Tokio ― 2020-niň soňundan gyzykly statistikalar