DÜNÝÄ

Gazagystanda 106 we 102 ýaşly eneler saýlawlarda ses berdiler

Şu gün, 29-njy noýabrda, Gazagystanda ähli derejedäki maslihatlaryň (yerli wekilçilikli organlar/sebit parlamenti) deputatlarynyň möhletinden öňki saýlawlary geçirilýär. Saýlawçylaryň sanawyna 12,6 million raýat girizildi. Olar ýerli wekilçilikli edaralaryň düzümini kesgitlemeli bolarlar. Bu barada «Kazinform» agentliginiň habarçysy mälim edýär.

Ýurt boýunça jemi 10 338 sany saýlaw uçastogy açyldy. Olaryň 9 782-si raýatlaryň bellige alnan ýaşaýan ýerlerinde, ýene 556-sy bolsa wagtlaýyn bolýan ýerlerinde, şol sanda harby bölümlerde we hassahanalarda hereket edýär.

Gazagystanyň Eskeldi etrabynyň Garabulak obasynda ýaşaýan 106 ýaşly Nurbala Kabanbaýewa hem öz saýlaw hukugyndan peýdalandy.

Uly ýaşly zenanyň saýlawda ses bermegine mümkinçilik döretmek maksady bilen, saýlaw toparynyň agzalary onuň öýünde ses berişligi guradylar. Ol Kurultaýyň deputatlygyna dalaşgärleriň arasyndan öz saýlanlaryna ses berdi.

Şeýle hem Gazagystanyň Gyzylorda welaýatynyň Žanakorgan etrabynda maslihat deputatlarynyň saýlawlarynda ses bermek işi dowam edýär.

Saýlawçylaryň arasynda 102 ýaşly Tažben Isabekowa hem bar. Uly ýaşly zenan öz saýlaw hukugyndan peýdalanyp, öýünde ses berdi.

Related posts

Aşgabatda azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahat geçiriler

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Eýranyň Ýol we şäher gurluşyk ministri bilen duşuşygy geçirildi

Prezident Ärdogan 14-nji gezek Baş Assambleýada çykyş eder

Ata Watan Eserleri