DÜNÝÄ

Braziliýanyň Prezidenti 75 ýaşly bankyň başlygyny maliýe ministri wezipesine belledi

Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silva «Bradesco» bankynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Luis Karlos Trabukuny maliýe ministri wezipesine belledi. Bu wezipä bellenilmegi baradaky kararyň yglan edilmeginden soň ýurduň birža bazary ýokarlandy, milli pul birligi bolsa ABŞ-nyň dollaryna bolan gatnaşygynda berkedi. Bu barada ««Euronews» neşiri habar berýär.

Trabuku 2027-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndan başlap, Maliýe ministrligine ýolbaşçylyk eder. Maýadarlar tejribeli bank ýolbaşçysynyň bu wezipä bellenilmegini hökümetiň býujet serişdelerine gözegçiligi güýçlendirmäge taýýardygynyň alamaty hökmünde kabul etdiler.

Wezipä bellenmek baradaky habardan soň geçirilen söwdalaryň netijesinde San-Paulu biržasy 6 göterim ýokarlandy. Braziliýanyň milli pul birligi real hem berkeýär. Dollaryň hümmeti 25-nji noýabrda 5,88 real bolanlygyndan 27-nji noýabr gijesinde 5,54 reale çenli peseldi.

Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky kampaniýanyň dowamynda Lula «Bolsa Família» atly durmuş goldaw maksatnamasynyň çäklerinde tölenýän kömek pullaryny 15 göterim ýokarlandyrmagy wada beripdi. Hökümetiň maglumatlaryna görä, bu çäre 2026-njy ýylda 5,8 milliard reala (takmynan 1 milliard ýewro), indiki ýylda bolsa 22 milliard reala (3,5 milliard ýewro) barabar çykdajylary talap eder.

Mundan başga-da, kiçi telekeçiligi we pes girdejili raýatlary ýeňillikli karzlaşdyrmak hem-de olaryň bergi ýüküni ýeňilleşdirmek maksatnamalaryny yglan etdiler. Şeýle hem ýangyja salynýan salgydy wagtlaýyn azaltmak we dynç günleri jemgyýetçilik ulaglaryny mugt etmek teklipleri öňe sürüldi.

Trabuku Braziliýanyň hususy bank ulgamynyň iň tanymal ýolbaşçylarynyň biri hasaplanýar. Ol 17 ýaşynda «Bradesco» bankynda administratiw wezipede işe başlady. Soňra bankyň ýerine ýetiriji direktory wezipesine çenli baryp ýetdi we 2009–2018-nji ýyllarda bu wezipede işledi. Ondan soň bolsa bankyň direktorlar geňeşine ýolbaşçylyk etdi.

Bellik: Lula da Silva häzirki Braziliýanyň taryhynda prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda yzda galandan soň, ikinji tapgyrda ýeňiş gazanmagy başaran ilkinji syýasatçy boldy.

Related posts

Türkmenistanda Halkara täjirçilik arbitraž merkezi dörediler

Türkmen-eýran parlamentara dostluk toparynyň duşuşygy

Türkmenistan parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrýar