DÜNÝÄ

Türkmenistan parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçisi A.Möwlamow Halkara parlamentariler kongresiniň (IPC) Baş sekretary, senator hanym Sitara Aýaz bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak, şol sanda Halkara parlamentariler kongresiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda özara gyzyklanma döredýän meselelerde has netijeli hyzmatdaşlygy üpjün etmek üçin yzygiderli gepleşikleri geçirmäge aýratyn üns berildi.

Taraplar iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleriniň arasynda özara düşünişmegi we ynamy berkitmäge ýardam berjek dowamly aragatnaşyklaryň we ikitaraplaýyn saparlaryň möhümdigini nygtadylar.

Duşuşygyň soňunda taraplar parlamentara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary