DÜNÝÄ

Türkmen-eýran parlamentara dostluk toparynyň duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda Türkmen-Eýran Parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň maksady ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ugurdaş komitetleriň, arasyndaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen bagly pikir alyşmalardan ybarat boldy.

Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny bellediler. Şeýle hem Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde, iki ýurdyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi, şol sanda parlament ugry boýunça netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleriň döredilýändigi bellenildi.

Eýran-Türkmenistan Parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň parlamentiniň düzümi hem-de ýurdumyzda ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň dowamynda döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn esasda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak barada pikir alşyldy, şeýle hem Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň abraýly halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini kanagatlanma bilen belläp, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygy hakynda nygtadylar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy