SPORT

Messi hem koronawirus boldy

Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň hem-de Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi koronwirus ýokanjy bilen keselledi. Ol häzirki wagtda karantin çärelerini berjaý edýär.

Metbugatyň habaryna görä, Messiniň özüni duýşunyň gowudygy bellenilýär. Ol yzygiderli “PSŽ” toparynyň lukmanlary bilen aragatnaşykda bolýar. Onuň haçan ýaşyl meýdança dolanjakdygy entek näbelli.

Messi bilen bir hatarda onuň topar ýoldaşlary Huan Bernat, Serhio Riko hem-de Natan Bitumazala hem koronawirus ýokanjy bilen keselledi.

Geçen ýylyň tomsunda Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň düzümine goşulan Lionel Messi Fransiýanyň çempionatynda 11 duşuşykda oýnap, 1 gol geçirdi we 4 gezek topar ýoldaşlarynyň gol geçirmegine ýardam etdi.

 

Big-Ben ýene-de açyldy

Ýene-de okaň

Konor Makgregor tutluşyga çykýar

Fransiýa ilkinji ýarym finalçy boldy

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina 1/4 finala çykdy