SPORT

Grizmann “Atletikoda” galdy

Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” kluby 2018 FIFA dünýä çempionatynyňçempiony Antuan Grizmann bilen täze şertnama baglaşdy. Klubyň metbugat gullugy bu barada habar berdi.

Şertnama 2026/27-nji ýylyň möwsüminiň ahyryna çenli dowam edýär.

Grizmann 34 ýaşynda. 2014-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli “Atletiko” toparynda oýnady, şondan soň “Barselona” geçdi.  Fransuz ýarymgoragçysy karýerasyna Ispaniýanyň “Real Sosýedad” klubynda başlady we 2009-njy ýyldan 2014-nji ýyla çenli esasy toparda oýnady.

Grizmann “Atletiko” bilen Ýewropa ligasynda, UEFA Super kubogynda we Ispaniýanyň Super kubogynda ýeňiji boldy. Ol klubyň taryhynda iň köp pökgi geçiren oýunçy. Grizmann, şeýle hem dünýä çempionaty we Ýewropa çempionatynda kümüş medal gazanan we Fransiýa milli ýygyndysy bilen Milletler ligasynyň ýeňijisi bolan futbolçylaryň biridir.

Related posts

Angliýanyň futbol çempionatynyň duşuşyklary yza süýşürildi

Ýewropa futbolyndaky soňky transferler

Ata Watan Eserleri

Ýamalyň goly Ýewropa çempionatynyň iň owadan goly boldy

Ata Watan Eserleri