DÜNÝÄ

BMG-niň Baş Assambleýasyna täze başlyk saýlandy

Germaniýanyň ozalky daşary işler ministri Annalena Berbok täze halkara wezipä aldy. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň başlyklygyna saýlandy. Bu barada nemes metbuagty habar berýär.

2-nji iýunda geçirilen ses berişlikde Berbok 167 döwletiň sesini alyp, Baş Assambleýanyň nobatdaky başlyklygyna saýlandy.

Annalena Berbok bu wezipä üçin hödürlenen ýeke-täk dalaşgär boldy. Ol öz çykyşynda goldaw beren ähli döwletleriň wekillerine minnetdarlyk bildirip, Assambleýanyň işini has-da ilerletmek üçin tagalla etjekdigini belledi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy mejlislere başlyklyk edýär, edaranyň işlerini utgaşdyrýar, Assambleýa halkara arenasynda wekilçilik edýär. Ol hiç hili syýasy çözgüt kabul etmeýär, diňe wekilçilik we guramaçylyk işlerini alyp barýar.

Related posts

Türkmenistanly hukukçy ABŞ-nyň öňdebaryjy hukuk kolležiniň onlaýn myhmany boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: häzire çenli 246 ylalaşyk gazanyldy

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi