DÜNÝÄ

Wladimir Putin Gyrgyzystana resmi sapar bilen bardy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen Gyrgyz Respublikasyna bardy. Bu barada gyrgyz metbugaty habar berýär.

Ýurduň paýtagty Bişkek şäherindäki “Manas” halkara howa menzilinde Wladimir Putini Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow garşylady.

Russiýanyň Prezidenti bu resmi saparynyň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen gepleşikler geçirer. Şeýle hem Wladimir Putin Bişkek şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalasygynyň düzümine girýän döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalasygynyň düzümine girýän döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşi ertir ýagny 13-nji oktýabrda geçiriler.

Related posts

Japarow: Gyrgystan Daglyk şäherleriň halkara assosiasiýasyny döretmek başlangyçy bilen çykyş edýär

AK partiýaly Zorlu: üýtgeşiklik türk döwletleriniň raýatlaryna degişli däl

Ata Watan Eserleri

«Saud–Türkmen gatnaşyklary» atly «tegelek stol» maslahaty geçirildi