SPORT

Poçettino “Mançester Ýunaýted” futbol toparyn tälim berer

Argentinly hünärmen Maurisio Poçettino Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” futbol klubyna ýolbaşçylyk etmäge razy boldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär.

54 ýaşly tälimçi öz ýerine ýetirmeli borçlaryna 18-nji noýabrda girişer. “Mançester Ýunaýted” ABŞ-nyň Futbol federasiýasy bilen hünärmeniň we onuň tälimçiler toparynyň milli ýygyndydaky işinden azat edilmegi barada ylalaşdy. 12-nji noýabrda iňlis kluby Maýkl Karrigiň baş tälimçi wezipesinden boşadylandygyny yglan edipdi.

Poçettino 2024-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň ýygyndysyna ýolbaşçylyk edýärdi. Onuň ýolbaşçylygy astynda topar 2025-nji ýyldaky Demirgazyk we Merkezi Amerika hem-de Karib deňzi ýurtlarynyň futbol konfederasiýasynyň (KONKAKAF) Kubogynyň finalyna ýetdi.

Mundan ozal argentinli tälimçi Angliýanyň “Çelsi”, “Tottenham” we “Sautgempton”, Ispaniýanyň “Espanyol” hem-de Fransiýanyň PSŽ klublaryna tälim beripdi. Parižli topar bilen ol Fransiýanyň çempiony, kubogynyň we superkubogynyň eýesi boldy, hünärmeniň ýolbaşçylygyndaky “Tottenham” bolsa Çempionlar ligasynyň finalyna ýetdi we Iňlis ligasynyň kubogyny gazandi.

“Mançester Ýunaýted” Angliýanyň çempionatynyň 10 tapgyryndan soň sekiz utuk toplap, ýaryş tablisasynda 18-nji orny eýeleýär. Klub Çempionşipe düşmek zolagynda ýerleşýär.

Related posts

Türkmen türgenleri Hytaýda 5 dünýä rekordyny goýdy

Türkmenistanyň Kubogynyň final duşuşygy göni ýaýlymda alnyp berler

Ronaldosyz Portugaliýanyň taryhy ýeňşi