SPORT

Fýuri bilen Usigiň tutluşygynyň senesi yglan edildi

Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde boks dünýäsiniň iň uly tutluşygy geçiriler. Dünýäniň agyr agramda absolýut çempionyny mälim etjek bu tutluşykda ukrainaly Aleksandr Usik bilen britan boksçy Taýson Fýuri duşuşar.

Tutluşyk 2024-nji ýylyň 17-nji fewralynda geçiriler. Bu tutluşygyň öňüsyrasynda agyr agramdaky boksçylaryň özara duşuşygy boldy.

Usik “WBA”, “IBF” we “WBO” ugurlary boýunça dünýäniň çempionydyr. Fýuri bola, ” WBC” ugry boýunça dünýäniň çmepionydyr.

Aslynda, bu iki boksçy 2023-nji ýylyň dekabr aýynda duşuşmalydy. Ýöne, britan boksçy Fýuri golaýda Frensis Ngannu bilen tutluşyk geçirdi. Şol sebäpli Usik bilen geçirjek duşuşygyny indiki ýyla geçirmek kararyna gelindi. Fýuri Ngannuny eminleriň karary bilen ýeňipdi.

Ýene-de okaň

«Mançester Siti» topary Angliýanyň Kubogyny gazandy

Türkmen ýygyndysy türki döwletleriň arasyndaky birinji küşt olimpiadasyna gatnaşýar

“Inter” topary 10-njy gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldonyň çempionlygyna 1 duşuşyk galdy

Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň topary bilen ýewrokuboklara dolanýar