DÜNÝÄ

COP31: Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň tanyşdyrylyşy boldy

2026-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Antaliýa şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň pawilýonynda “Innowasiýalardan amaly hereketlere: Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň döredilmegi” atly tematiki sessiýa geçirildi.

Çäre türkmen tarapyndan BMG-niň ulgamynyň edaralary bilen bilelikde Merkezi Aziýa döwletleriniň, halkara guramalaryň we ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda guraldy.

Sessiýanyň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen hem-de sebitiň döwletleriniň goldawyna eýe bolan, birnäçe ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalarda öz beýanyny tapan Merkezi Aziýa üçin howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmegiň konsepsiýasy hödürlenildi.

Türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň COP31 Liderler sammitiniň barşynda Merkeziň 2027-nji ýylda öz işine başlajakdygy baradaky bildirişine aýratyn üns berildi.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalary departamentiniň başlygy Aşgabatda ýerleşjek Merkeziň esasy iş ugurlary bilen tanyşdyrdy. Onuň işiniň döwrebap howa tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge we sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin halkara maliýeleşdirmesini çekmäge gönükdiriljekdigi bellenildi.

Özara maslahatlaşmalaryň barşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) hem-de beýleki halkara düzümleriň wekilleri Merkeziň işiniň ileri tutulýan ugurlary, onuň institusional taýdan ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, howa şertlerine durnukly tehnologiýalary ornaşdyrmak, sebit mümkinçiliklerini pugtalandyrmak we bilelikdäki taslamalary taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi.

Sessiýanyň jemleri boýunça 2027-nji ýylda Merkeziň işine başlamagyny üpjün etmek maksady bilen, sebitara geňeşmeleri we halkara hyzmatdaşlar bilen iş ýüzündäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Çäre Türkmenistanyň Merkezi Аziýada sebitara hyzmatdaşlygy berkitmäge we howa meselelerini bilelikde çözmäge gönükdirilen başlangyjyny öňe sürmekde möhüm ädim boldy.

Related posts

«Airbus» ilkinji gezek birinji

vepa

Türkmenistan ÝUNESKO bilen geoseýilgäh döreder

Iň köp gazanan baş direktor