SPORT

Merkezi Aziýa döwletleri dünýä çempionatyny geçirmegi meýilleşdirýär

Düýn habar berşimiz ýaly, Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Kul şäherinde Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň futbol assosiasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

Merkezi Aziýanyň türki dilli döwletleriniň futbol federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda 2034-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky teklip öňe sürüldi.

Gazagystanyň futbol federasiýasynyň başlygy Adilet Barmenkulow Özbegistan bilen bilelikde 2034-nji ýylda dünýä çempionatyny geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi.

Bu duşuşyga Özbegistanyň futbol assosiasiýasynyň birinji wise-prezidenti Rawşan Irmatow hem gatnaşypdy.

Dünýä çempionatyny bilelikde gurnamak mümkinçiligi iki ýurduň degişli federasiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky ýyllarda has ýokary derejelere çykmagy bilen baglanyşyklydygy bellenildi.

Gyrgyzystandaky duşuşyga Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarowyň hem gatnaşandygyny bellemek bolar.

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy