SPORT

Messiniň “Inter Maýami” toparyndaky ilkinji goly

Amerikanyň “Inter Maýami” topary Meksikanyň “Krus Asul” toparyny “Leagues Cup” ýaryşynyň toparçadaky tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Amerikan toparyna ýeňiş getiren goluny toparyň düzümine täze goşulan argentin ýyldyzy Lionel Messi öz adyna ýazdyrdy.

Leagues Cup” ýaryşyna ABŞ-nyň “MLS” futbol ligasynyň hem-de Meksikanyň çempionatynyň toparlary gatnaşýar.

Ilkinji duşuşyk Florida ştatynyň Fort-Loderdeýle şäherinde geçirildi. Duşuşygyň 44-nji minutynda “Inter Maýami” toparynyň ýarymgoragçysy Robert Teýlor hasaby açdy. 65-nji minutda “Krus Asul” toparynyň ýarymgoragçysy Uriel Antuna hasaby deňledi.

Duşuşygyň 54-nji minutynda “Inter Maýami” toparynyň düzümine täze goşulan Lionel Messi we Serhio Buskets oýna girdi. Ikisi üçin hem bu duşuşyk toparyndaky ilkinji resmi duşuşygy boldy.

Duşuşygyň 90+4-nji minutynda Lionel Messi uzak aralykdan pökgüni tora girizip, toparyna ýeňiş getirdi.

Leagues Cup” ýaryşynyň çäklerinde “Inter Maýami” topary hem-de “Krus Asul” topary Amerikanyň “Atlanta” topary bilen duşuşar. “Inter Maýami” bu topary 26-njy iýulda, “Krus Asul” bolsa, 30-njy iýulda kabul eder.

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy