SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Metbugat sapary-4: Assos gadymy şäherine baryp gördüler

Türkiýäniň Balykesir we Çanakkale welaýatlarynda metbugat saparynda bolýan türkmenistanly metbugat işgärleri saparynyň çäklerinde Çanakkale welaýatynyň çäklerinde 3 müň ýyllyk gadymy Assos şäherine baryp gördüler.
Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Medeni miras we muzeýler baş müdirliginiň garamagyndaky Assos gadymy şäheri özüniň baý taryhy we medeni mirasy bilen dünýäniň çar tarapyndan gelen syýahatçylaryň ünsüni çekmäge dowam edýär.
Şäheriň iň beýik nokady bolan Akropolis (234 m) b.e.ö. VII asyrdan başlap, mukaddes ýer we gorag gala hökmünde ulanylypdyr. Bu ýerde gadymy ybadathana gurlupdyr. Wizantiýa we Osmanly döwürlerine degişli diwarlar, beýik diňler we suw gorhanalary şäheriň asyrlar boýy strategik taýdan möhüm orun eýeländigini görkezýär.
Gadymy döwrüň pelsepe merkezi
Assos diňe bir binagärlik mirasy bilen däl, eýsem filosofiýa taryhyndaky оrny bilen hem meşhurdyr:
 * Aristotel: Meşhur grek pelsepeçisi Aristotel b.e.ö. 347–345-nji ýyllar aralygynda Assosda ýaşapdyr we dürli işleri durmuşa geçiripdir, şol döwre degişli işleriniň ilkinji nusgalaryny şu ýerde taýýarlapdyr.
 * Germiý: Ýerli dolandyryjy hem-de pelsepeçileriň ylym işlerine uly hemaýat beren beýik şahsyýet.
 * Kleanf: Assosda doglan Stoik pelsepeçisi, soňluk bilen Afinadaky Stoik mekdebiniň ýolbaşçysy bolupdyr.
Gadymy Olimpiýa çempionlary
Gadymy Assos şäheri sport taryhynda hem uly yz galdyrypdyr. Assosly türgenler gadymy Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanypdyrlar (meselem, b.e.ö. 204-nji ýylda Sodamos atly türgen ýaşlar arasynda çempion bolupdyr).
Assos taryhy meýdançasy häzirki wagtda hem syýahatçylar üçin açyk bolup, ajaýyp tebigat we taryhy mirasyň yzlaryny hödürleýär.

Related posts

Immuniteti ýokarlandyrmagyň tebigy usullary

Ata Watan Eserleri

Türkiýede örtük dakynmak zerurlygy ýatyryldy

Täze okuw ýyly: öňüni alyş we zyýansyzlandyryş çäreleri

Ata Watan Eserleri