SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaýda “Sputnik V” sanjymy öndüriler

Hytaý her ýylda 100 million dozadan gowrak Russiýanyň koronawirus pandemiýasyna garşy işläp düzen “Sputnik V” sanjymy öndüriler. Bu barada Russiýanyň göni maýa goýum gaznasy habar berdi.

Sanjym önümçiligi babatda “TopRidge Pharma” firmasy bilen degişli şertnamanyň gazanylandygy bellenilýär. “TopRidge Pharma”  firmasy derman öndürmek we paýlamak bilen meşgullanýan Hytaýyň “Tibet Rhodiola Pharmaceutical Holding” derman önümçilik kompaniýasynyň düzümi bolup durýar.

– “Tibet Rhodiola” firmasy bilen hyzmatdaşlyk, pandemiýany ýeňmek üçin hyzmatdaşlara derman iberilmegini üpjün eder. Hytaý “Sputnik V” önümçiliginiň iň uly merkezlerinden biridir we rus sanjymyna barha artýan islegi kanagatlandyrmak üçin ýurtdaky öndürijiler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyrys “-diýip, RDIF-iň baş direktory Kirill Dmitriýew belläp geçdi.

Ylalaşygyň esasynda Hytaý tarapy sanjymy HHRde işläp düzmek, öndürmek, import etmek we täjirleşdirmek hukugyna eýedir. “TopRidge Pharma” firmasy Gonkongda, Makaoda we Taýwanda paýlamak hukugyny almagyna garaşylýar.

Täze şertnamada 50 milliondan gowrak adama koronawirusa garşy sanjym edilmegi meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda “Sputnik V” sanjymy dünýäniň 58 ýurdunda bellige alyndy.

Russiýadan Türkmenistana dostluk goldawy

 

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar

4 aýda Özbegistana 4 milliondan gowrak syýahatçy geldi

“RŽD” Türkmenistana bolan syýahatçylyk ugurlaryna gyzyklanma bildirilýär