SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Metbugat sapary-3: “Ata Watan Media” Türkiýede Ginnesiň rekordynyň şaýady boldy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistandan 10 sany metbugat işgäriniň Türkiýe Respublikasynyň Balykesir we Çanakkale şäherlerine syýahaty dowam edýär. Bu metbugat syýahatyna “Ata Watan Media”-nyň wekili Mährijemal Berdiýewa hem gatnaşýar.

Bu syýahatyň özboluşly hemde ajaýyp pursatlarynyň biri hem metbugat toparynyň, has takygy “Ata Watan Media”-nyň Ginnesiň rekordlarynyň şaýady bolmagy bilen tapawutlandy. 

BALYKESIRDE GINNESIŇ REKORDY GOÝULDY: ATA WATAN MEDIA ŞAÝADY BOLDY

Balykesir welaýatynyň Edremit etrabynda şu ýyl üçünji gezek geçirilen Edremit zeýtun ýagyny dadyp görmek festiwaly (FestOlive) geçirildi. Edremit Söwda edarasy we Edremit Haryt biržasy tarapyndan Güre deňiz kenarynda guralan 3-nji “FestOlive” Edremit zeýtun ýagyny dadyp görmek festiwalyna zeýtun we zeýtun ýagyny öndürýän 80 kompaniýa gatnaşdy.

Öndürijileriň we kompaniýalaryň wekilleriniň bir ýere jemlenen festiwalynda täze sykylan zeýtun ýaglarynyň, şeýle hem zeýtunyň dürli görnüşleriniň tagamyny dadyp görmek mümkinçiligi döredildi.

Festiwalyň çäklerinde geçirilen «Zeýtun ýagyny dadyp görmek boýunça iň uly çäre» atly rekord synanyşygynda 16 müň 2 adam gatnaşyp, Ginnesiň dünýä rekordy täzelendi. Güre kenarynda geçirilen rekord synanyşygynda 2009-njy ýylda Ispaniýanyň Haen şäherinde 12 müň 909 adamyň gatnaşmagynda goýlan rekord täzelenip, täze üstünlik gazanyldy.

Ginnesiň dünýä rekordlarynyň resmi emini Hanna Spaýers çäräniň geçirilýän ýerinde degişli barlaglary we hasaba alyş işlerini tamamlandan soň, täze rekordy resmi taýdan tassyklady.

Zeýtun ýagynyň önümçiligi bilen meşhur bolan Edremitde we Demirgazyk Egeý sebitinde geçirilen festiwal sebitiň zeýtun ýagy medeniýetini giň halk köpçüligine tanatdy.

Ginnessiň dünýä rekordy köpçülikleýin zeýtun ýagyny dadyp görmek çäresinden başga-da, Edremitiň zeýtun ýagy bilen tanalýan merkez hökmünde halkara derejesindäki meşhurlygynyň artmagyna goşant goşup biljek möhüm waka hökmünde öňe çykdy.

Metbugat wekilleri bu festiwala gatnaşyp, zeýtin ýagynyň önümçiligi barada özleri gyzyklandyrýan sowallaryň jogaplaryny tapdylar. Şeýle hem festiwalyň çäklerinde guralan konsert maksatnamasy bolsa, ajaýayp dynç alyş meýdançasyna öwrüldi.

Türkmen žurnalistleri zeýtun ýagynyň mekanynda zeýtun ýag muzeýine baryp gördüler. Bu muzeýde köp sanly gyzykly eserler we maglumatlar ýerleşdirilipdir.

Muzeýde zeýtunyň ýagyny çykarmak üçin guralan gadym döwürlerden häzirki günümize çenli ulanylýan gurallar, degirmenler, şeýle hem ýaglary saklamak üçin gurnalan çelekler halk köpçüligine hödürlenipdir.

Related posts

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Aşgabady Seul bilen baglanyşdyrýan täze ugry açdy

Türkmenistandan Russiýa 31-nji ýörite gatnaw amala aşyryldy

“Sputnik V” 40 müň adama sanjym ediler

Ata Watan Eserleri