SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Wýetnam syýahatçylara gapylaryny açýar

Wýetnamyň hökümeti 15-nji martdan başlap, halkara syýahatçylara serhetleri açmak barada karara geldiler. Bu barada Wýetnamyň habarlar gullugy habar berýär.

Wýetnamyň Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrligi, Saglygy goraýyş ministrligi we Ulag ministrligi pandemiýadan ozalkysy ýaly, 13 ýurt üçin birtaraplaýyn, 88 ýurt üçin bolsa ikitaraplaýyn wizasyz gelip-gitmek mümkinçiliginiň döredilmegini teklip etdi.

Bu teklip Wýetnamyň Premýer-ministriniň orunbasary tarapyndan koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ähli öňüni alyş çärelerini berjaý etmek şerti bilen tassyklandy.

Wýetnama gelýän syýahatçylardan sanjymlaryň doly alandygy ýa-da bu wirusdan gutulandygy baradaky kepilnama talap ediler. Mundan başga-da, PSR synagyndan geçmeli bolarlar.

Şeýle hem ýurduň paýtagty Hanoý şäheri üçin koronawirus ýokanjy sebäpli girizilen halkara uçuş çäklendirmesi ýatyryldy.

 

Kosmos syýahatçylygy: petegiň bahasy 450 müň $

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda Malaýziýa Türkmenistandan 10 750 syýahatçyny kabul etdi

Türkmenistan bilen Malaýziýa: syýahatçylykda 20-den gowrak şertnama gol çekildi

Malaýziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Baku–Aşgabat uçar gatnawlaryny ýola goýmak mümkinçiligi öwreniler

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär