TEHNOLOGIÝA

Kosmos syýahatçylygy: petegiň bahasy 450 müň $

“Virgin Galactic” kompaniýasy kosmos syýahatçylygynyň bilet satuwyny täzeden başlady. Jemi 90 minut dowam edýän kosmos syýahatçylygynyň biletleriň hersi 450 müň dollar. Şu wagta çenli 100 orun satyldy.

Kompaniýa biletleriň 16-njy fewralda gaýtadan satuwa çykaryljakdygyny we uçuşdan öň 150 000 dollar goýumyň zerurdygyny habar berdi. Kompaniýa täjirçilik amallaryna başlamazdan, jemi 1000 oturgyç satmak üçin işleýär.

Geçen ýylyň iýulynda kompaniýanyň esaslandyryjysy Riçard Branson kosmos giňişligine çykypdy we şondan soňra kosmos syýahatçylygyna taýýardygyny görkezipdi.

“Virgin Galactic” kompaniýasynyň kosmos syýahatçylyk maksatnamasyndaky esasy bäsdeşi “Blue Origin” şereketidir. Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri bolan Jeff Bezosyň eýeçiligindäki “Blue Origin” kompaniýasy hem kosmos syýahatçylygy babatda petekleriniň bahasy barada entek maglumat bermedi.

 

Dalaşgär hödürleýän raýatlaryň teklipçi toparlary bellige alyndy

Ýene-de okaň

Russiýa Federasiýasy ilkinji indoneziýaly kosmonawtyň uçuşyny guramaga taýýar

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň ylmy-barlag merkezlerini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy