SPORT

Lionel Messi «Inter Maýami» toparyndaky 100-nji goluny geçirdi

«Inter Maýami» topary «Krus Asul» toparyny ýeňip, Baş futbol ligasynyň (MLS) ýeňijisi bilen Meksikanyň çempionynyň arasynda oýnalýan Kampeones kubogynyň eýesi boldy.

Duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Golary Lionel Messi we Kazemiro geçirdi. 39 ýaşly argentinaly hüjümçi «Inter Maýami» üçin 115-nji oýnunda 100-nji goluny geçirdi.

Messiniň futbol karýerasynda indi jemi 929 goly bar: klub derejesinde 795 gol we milli ýygyndy derejesinde 125 gol. Bu netijä ýetmek üçin oňa 1175 oýun gerek boldy.

Ol amerika klubynda 115 oýunda 100 gol, «PSŽ-de» 75 oýunda 32 gol, «Barselonada» bolsa 778 oýunda 672 gol urdy. Argentina milli ýygyndysy üçin ol 207 oýun geçirdi.

Related posts

Diogo Jota “Liwerpul” bilen şertnamany täzeledi

Ata Watan Eserleri

Çempionlar ligasy: Pike gol geçiren garry futbolçy boldy

Çempionlar Ligasy: Messiniň ilkinji goly, “Şerifiň” garaşylmadyk üstünligi