TEHNOLOGIÝA

“iPhone 18” smartfonlary satuwa çykaryldy

“Apple” kompaniýasynyň dünýä belli “iPhone” kysymly smartfonlarynyň täze görnüşi bolan “iPhone 18” bir wagtyň özünde ABŞ-da, Hytaýda, Ýaponiýada, Beýik Britaniýada, Germaniýada, Hindistanda we beýleki iri bazarlarda peýda boldy.

18-nji sentýabrda “Apple” kompaniýasy resmi taýdan “iPhone 18 Pro” we “iPhone 18 Pro Max” smartfonlarynyň satuwyna başlady.

Ilkinji günde täze flagmanlar dünýäniň 65-den gowrak ýurdunyň we sebitiniň alyjylary üçin elýeterli boldy. Birinji tapgyryň bazarlarynyň hataryna ABŞ, Hytaý, Ýaponiýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Fransiýa, Hindistan, Günorta Koreýa, Awstraliýa, Kanada, Meksika, BAE, Türkiýe we Wýetnam girdi.

Smartfonlar üçin öňünden sargytlar 12-nji sentýabrda başlandy, düýn bolsa alyjylar enjamlary dükanlardan we resmi satyjylardan satyn almaga mümkinçilik aldylar.

“iPhone 18 Pro Max” modeli 256 GB, 512 GB, 1 TB we 2 TB göwrümi bilen hödürlenýär. ABŞ-da bu telefon görnüşiniň bahasy $1300. “iPhone 18 Pro” bolsa ondan $100 arzan durýar.

Täze flagman “Apple A20 Pro” çipini, 48 megapiksellik esasy kamerasy we sazlanýan diafragmasy bolan täzelenen kamera ulgamyny, gowulandyrylan awtonomlygy hem-de “Apple Intelligence”-iň täze mümkinçiliklerine eýe boldy.

Şol bir wagtda beýleki 20 ýurt we sebit üçin söwda satuwlary 25-nji sentýabra meýilleşdirildi.

“Apple” kompaniýasy bu telefonlaryny 9-njy sentýabrda halk köpçüligine tanyşdyrypdy.

Related posts

“Apple”-iň eplenýän telefony

Ilon Mask Marsa syýahata çagyrýar

Beýik Britaniýanyň tehnologiýa hepdeligi

Ata Watan Eserleri