Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň iri we öňdebaryjy pudagy bolmak bilen, onuň çalt depginlerde ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Gazçylaryň döredijilikli zähmet çekmekleri üçin täze kuwwatly awtoulaglar, ýokary öndürijilikli tehnikalar we enjamlar satyn alynýar. Bu bolsa tebigy gazyň akymyny artdyrmaga täze mümkinçilikleri açýar.
Garaşsyz döwletimizde gazy daşary döwletlere eksport etmekde tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde täze gaz ýataklarynyň senagat taýdan özleşdirilmegi tebigy gazyň akymynyň artdyrylmagyna uly itergi berýär.
Ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny has-da artdyrmak, tebigy baýlyklary netijeli özleşdirmek hem-de halk hojalygynyň we ilatyň energiýa serişdelerine bolan islegini ygtybarly üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler täze gaz känleriniň özleşdirilmeginde, önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda, hereket edýän desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagynda we täze guýularyň önümçilige girizilmeginde aýdyň beýanyny tapýar. Gazçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde ýerasty baýlyklaryň halkyň hyzmatyna gönükdirilmegi bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine saldamly goşant goşýar.
Türkmenistanyň nebitgaz senagaty ýurduň ykdysadyýetiniň esasyny we sütünini düzýär. Ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Türkmenistan diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, bütin dünýäde energetikada kuwwatly döwlet hökmünde ykrar edilýär. «Açyk gapylar» syýasatyny we ykdysady diwersifikasiýalaşdyrmagy ugur edinýän ýurdumyz özüniň baý uglewodorod serişdelerini diňe bir içerki bähbitler üçin däl, eýsem, sebit we dünýä durnuklylygy üçin hem netijeli ulanýar. Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde 4-nji orunda durýar. «Galkynyş» gaz käni dünýäniň iň uly gury ýerdäki gaz ýataklarynyň biridir. Bu ýatagyň gorlary ýurdumyzyň energetika kuwwatyny onlarça ýyl öňe kepillendirýär. Hazar deňziniň türkmen böleginde we kenarýaka zolaklarynda hem gaty köp mukdarda nebit we gaz gorlary jemlenendir. Bu ýerde işler daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikde önümi paýlaşmak baradaky ylalaşyklar esasynda alnyp barylýar.
Türkmenistan öz tebigy gazyny dünýä bazaryna diňe bir ugra däl-de, birnäçe ugurlara ibermek strategiýasyny alyp barýar. Esasy gaz geçirijiler: Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi häzirki wagtda iň iri we strategik ugurdyr. Ol sebitara hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasydyr. TOPH (Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan) taslamasy diňe bir ykdysady däl, eýsem, parahatçylyk dörediji taslama hökmünde hem taryha girýär. Ol Günorta Aziýanyň uly bazarlaryny energiýa bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.
Eziz Diýarymyzyň nebitgaz pudagyny döwrebap ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de uglewodorod gorlaryny netijeli özleşdirmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işleriň çäginde Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlarynda halkara hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagynda giň gerimli halkara taslamalary durmuşa geçirmek Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň baş ugry bolup durýar. Şunda «PETRONAS» kompaniýasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga uly baha berilýär. Şu ýyl iki ýurduň nebitgaz pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygyna 30 ýyl doldy.
Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan nebitgaz pugagy üçin kämil hünärmenleri ýetişdirmekde bolsa, ýurdumyzyň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň goşandy uludyr. Uniwersitetde talyplara halkara derejesinde bilim berlip, nebitgaz pudagynyň dürli ugurlary üçin kämil hünärmenler ýetişdirilýär.
Uniwersitetimiziň talyplayr hökmünde biz hem Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerinden hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, kämil hünärmenler bolup ýetişmek babatda özüminiň gujur-gaýratymyzy gaýgyrmarys.
Şemşat Myratberdiýewa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3 NGPYD “B” toparynyň talyby.
